Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

8 Ýanwar 2021
1507

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutany wezipesine girişen gününden beýläk ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly itergi berdi. Şonda hormatly Prezidentimiziň soňky wagtlarda her bir ýylyň dowamynda amala aşyrmaly möhüm wezipeleri özünde şöhlelendirip, halkymyzy täzeden-täze üstünliklere atarýan çuňňur manyly şygarlar bilen atlandyrmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy hemmelere mälim.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk taryhynyň 2007-nji ýyldan başlan ilkinji ýyllaryny Täze galkynyş we beýik özgertmeler döwri diýip atlandyrylan bolsa, onda 2012-nji ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň ösüşiň hil taýdan täze belentligine, ýagny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýandygy yglan edildi. Ine, şondan soňra her bir ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzy belentden-belent derejelere çykaryp gelýär. Şonda her bir ýylyň özüne mahsus şygar astynda geçmegi halkymyzyň ruhuny belende göterip, şol ýyllarda ähli adamlaryň döredijilik yhlasyny öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ugrukdyrýan ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat etdi.

Atajan BURYNOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor.
Beýleki habarlar