Ýurdumyzyň röwşen geljegi

10 Ýanwar 2021
1866

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–— 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanmagy ähli ildeşlerimizde buýsanç döretdi, çünki ýaşlaryň kämil, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ýurdumyzyň geljegi üçin möhümdir. Esasan hem mugallymlar ýaşlaryň bilimli, watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin alada edýärler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilip, durmuşa geçirilýän beýik başlangyçlarynda ýaş nesil, ýaşlar hakynda alada aýdyň şöhlelenýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Gültäç ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar