"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Döwrebap ýel elektrik generatorlary

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda) Smartfonlar üçin ýel elektrik generatory

«TOYO­TA»-nyň ta­ry­hy

Suw paý­la­ýan ro­bot­lar

Şu aýyň or­ta­la­ry­na baş­la­jak haj zy­ýa­ra­ty­na bar­ýan­la­ra zem­zem su­wu­ny ro­bot­la­ryň paý­la­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Iki mu­kad­des mes­jit iş­le­ri bo­ýun­ça ýolbaşçysy Şeýh Ab­dul Rah­man Al Su­da­is suw gap­la­ry­nyň paý­lan­ma­gyn­da we zy­ýa­rat edil­ýän ýer­le­riň aras­sa­çy­ly­gyn­da ro­bot­la­ryň ula­nyl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Zy­ýa­rat­çy­la­ra zy­ýan­syz­lan­dy­ry­lan gap­la­ra guý­lan suw paý­la­nar. Su­wy ro­bot­lar we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­len ulag­lar paý­lar.

«Bugatti»-ni satýar

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň lýuks aw­to­mo­bil kla­sy­na de­giş­li bo­lan «Bu­gat­ti» bren­di­ni sat­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Bu ba­ra­da Ang­li­ýa­nyň «Fi­nancial Ti­mes» ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Ha­ba­ra gö­rä, «Bu­gat­ti» Hor­wa­ti­ýa­nyň «Ri­mac Au­to­mo­bi­li» kom­pa­ni­ýa­sy­na sa­ty­lar. Neşirde «Ri­mac»-yň «Volks­wa­gen» bi­len bi­le­lik­de dö­re­dil­jek «Bu­gat­ti-Ri­mac»-yň 55 gö­te­rim paý­na­ma­sy­na eýe bol­jak­dy­gy­ we ga­lan bö­le­gi­niň «Volks­wa­gen»-iň «Porsche» kompaniýasyna de­giş­li bol­jak­dy­gy­ ha­bar beriýär. Bu ba­ra­da «Ri­mac»-yň ýol­baş­çy­sy Meýt Ri­mak: – «Ri­mac» we «Bu­gat­ti» ne­ti­je­le­ri ba­bat­da aja­ýyp jü­büt. Ýaş, ça­la­syn we çak­gan aw­tou­lag hem-de teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy hök­mün­de elekt­rou­lag teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­da özü­mi­zi öň­de­ba­ry­jy orun­da gör­ýä­ris. «Nevera» at­ly ula­gy­myz­da di­ňe gi­pe­ru­lag­lar ön­dür­me­ýän­di­gi­mi­zi, ýo­ka­ry tiz­li­gi bol­ma­gy bi­len bir ha­tar­da ýo­ka­ry hil­li ulag ön­dür­ýän­di­gi­mi­zi gör­kez­dik. «Bu­gat­ti»-­niň hem adat­dan da­şa­ry mi­ra­sy bar – di­ýip

Az işlemek netije berdi

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp ýur­dun­da iş­gär­le­riň has ön­jeý­li we ne­ti­je­li iş­le­mek­le­ri üçin dür­li ýe­ňil­lik­ler dö­re­dil­ýär, tä­ze tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bi­ler­men­ler adam­la­ryň has az iş­län­le­rin­de ön­jeý­li bol­jak­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. Mu­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­rip gö­ren bir­nä­çe ýurt­da oňyn ne­ti­je alyn­dy. Go­laý­da bol­sa Is­lan­di­ýa­da bu ugur­da­ky iň uly tej­ri­be ge­çi­ril­di. Oňa 2500-den gow­rak adam gat­naş­dy. Iş­gär­le­riň zäh­met ha­ky azal­dyl­maz­dan, iş wag­ty gys­gal­dyl­dy. Ne­ti­je­de, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len işiň azal­man­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Tej­ri­bä gat­na­şan­la­ryň hep­de­lik iş wag­ty 35-36 sa­ga­da çenli gysgaldyldy. «In­de­pen­dent» ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, Ang­li­ýa­nyň «Au­to­no­my» şe­re­ke­ti bi­len Is­lan­di­ýa­nyň «Al­da» jem­gy­ýe­ti­niň ge­çi­ren sel­jer­me­sin­de tej­ri­bä gat­na­şan iş­gär­le­riň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­la­nan­dy­gy anyk­la­nyp­dyr.

Ummanlary öwrenmek üçin emeli hemralardan peýdalanylýar

Alym­lar daş­ky gur­şaw­da bo­lup geç­ýän öz­ge­riş­lik­le­ri öw­ren­mek üçin eme­li hem­ra­lar­dan peý­da­lan­ýar­lar. «Cyclo­ne Glo­bal» na­wi­ga­si­ýa hem­ra ul­ga­my (CYGNSS) as­lyn­da um­man­la­ryň üs­tün­de bo­lup geç­ýän tü­we­le­ýiň nä­hi­li eme­le gel­ýän­di­gi­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­nyp­dyr. Emma bu ul­ga­my ABŞ-nyň Mi­çi­gan uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri um­man­lar­da­ky mik­rop­las­tik­le­ri öw­ren­mek üçin peý­da­lan­ýarlar. 5 mil­li­metr­den ki­çi bo­lan we gö­ze il­me­ýän bu plast­mas­sa bö­le­jik­le­ri uzak wagt­lap suw­da çüý­re­me­ýär. Ola­ryň nä­de­re­jede ýaý­ran­dy­gy anyk däl. Alym­lar to­pa­ry şo­ny anyk­la­ma­ga ça­lyş­ýar­lar. Bu ugur­da taý­ýar­la­nan yl­my ma­ka­la­nyň aw­to­ry Kris Ruf we onuň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän to­pa­ry um­ma­nyň ýü­zü­ni öl­çe­mä­ge ni­ýet­le­nen eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly has köp za­dy öw­re­nip bol­jak­dy­gy­na göz ýe­ti­rip­dir­. Ruf yl­my işiň deň­ze düş­ýän mik­rop­las­tik­le­riň çeş­me­si­ni tap­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýd­ýar.

Sanly tehnologiýa — bank ulgamynda

Öňdebaryjy tehnologiýalara daýanyp

Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete geçmek babatda gysga döwrüň içinde bitirilen beýik işler oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Bazar gatnaşyklarynyň globallaşmagy, tehnologiýanyň günsaýyn ösmegi, täze innowasiýalaryň peýda bolmagy bilen, döwrüň talaby hem özgerýär. Watanymyzyň rowaçlanmagynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm çeşmesi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kabul edilýän uzakmöhletleýin milli we döwlet maksatnamalardyr.

Innowasion ykdysadyýetiň mümkinçilikleri

Elektron senagaty ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen, innowasion, ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek hem-de ösdürmek Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu wezipäni üstünlikli berjaý etmek üçin, esasan, üç şert zerur bolup durýar: infrastruktura, elektron işewürligi we elektron täjirçiligi. Sanly ykdysadyýetiň ösüşi sanly we ykjam tehnologiýalar bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan birnäçe bazar düzümleriniň kämilleşmegi bilen şertlendirilýär. Bulara onlaýn söwda, maliýe hyzmatlary, sanlylaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş hem-de döwlet hyzmatlary degişlidir. Häzirki wagtda kagyz pullarynyň dolanyşygynyň nagt däl hasaplaşyk bilen çalşyrylmagy netijesinde söwda ulgamy güýçli depginde ösýär. Indi müşderiler internet toruna birigip, göwün söýen harytlaryny islendik wagtda we islendik ýerden satyn alyp bilýär. Sanly ulgamyň kömegi arkaly söwda alyp barýan fiziki şahslardyr kärhanalar hem kärende tölegi we işgärlere hak tölemek ýaly ugurlarda çykdajylaryny azaldýar. Harytlary müşderilere dessin eltip bermek, bazaryň bikanun gatnaşyjylaryny ýa-da düzgün bozujylaryny ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen ýüze çykarmak, işi uzak aralykdan gura

«Gepleýän» kitaplar ýa-da audio görnüşindäki eserler hakda söhbet

Durmuşy çalt akýan derýa meňzedýärler. Ine, şeýle gysga ömrüň dowamynda ynsana diňe maddy däl, ruhy baýlyk hem howa ýaly zerur. Beýle baýlygy kitapdan başga hiç bir serişdäniň berip bilmeýändigi hemmämize mälim. Ýöne häzirki depginli ösýän döwürde kitap okamak üçin ýeterlik wagt sarp edip bilmeýändigimizi hem bellemeli. Innowasion tehnologiýalaryň durmuşymyza ornaşmagy netijesinde, müşgilimizi ýeňilleşdirýän serişdeler has-da köpelýär. Mysal üçin, audio kitaplaryň kömegi bilen bir wagtyň özünde dürli ýumuşlary bitirip hemem dürli eserlerden lezzet alyp bolýar. Audio kitap adyndan belli bolşy ýaly, haýsydyr bir edebiýatyň, eseriň sesli göçürmesidir. Şeýle görnüşli kitaplara häzirki wagtda bütin dünýäde isleg artýar.

Sanly ulgam: maliýe sowatlylygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmak, döwletiň hususy bölegini ösdürmek, ähli pudaklarda sanly ulgamy giňişleýin ornaşdyrmak ýaly ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bazar ykdysadyýetiniň döwrebap şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak esasy maksatlaryň biridir. Şeýle hem ilatyň pul-karz, durmuş-ykdysady goraglylygyny üpjün etmek, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanmakda ýeňillikleri döretmek hem-de bu babatda höweslendirmek ýaly şertleriň gerimi barha giňeldilýär. Döredilýän ähli amatlyklar bolsa, bank hyzmatlaryndan peýdalanýan ilatyň we ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artmagyna, netijede bolsa ýaşlarymyzyň maliýe taýdan başarnyklarynyň has hem ýokarlanmagyna getirýär.

Kämil tehnologiýalar ösüşe badalga

Döwrüň kämil tehnologiýalaryny — häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryny gündelik durmuşymyza ornaşdyrmak, onuň aňrybaş mümkinçiliklerinden peýdalanmak diňe bir adamzat jemgyýetiniň kämilleşmeginiň esasyny düzýän ykdysady, syýasy, medeni ösüşleri üpjün etmäge hyzmat etmän, eýsem ösen aňyýetli, intellektual babatda düýbünden täze gözýetimli nesilleriň kemala gelmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedir. Bu babatda ýurdumyzda bütindünýä ylmynyň gazananlaryny halkymyz, aýratyn-da, ýaş nesillerimiz üçin elýeterli etmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ylmyň zamanabap ösüşler bilen aýakdaş gitmegini özüniň bilim syýasatynyň özenine öwren hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almagy, esasan hem, ylmyň soňky gazananlaryny özleşdirmekleri, bu ugurda dünýäniň ösen döwletleriniň ýeten sepgitleri bilen aýakdaş gitmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysady ulgamlaryna, senagatyna, oba hojalygyna, himiýa pudagyna, nebitgaz ulgamyna, lukmançylyk pudagyna, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki ähmiýetli ulgamlaryna döwrebap açyşlary ornaşdyrmak üçin ylmy gözlegleriň alnyp barlyşyna aýratyn ähmiýet berýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri

Hormatly Prezidentimiz döwletimizi ösdürmegiň hemmetaraplaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şol sanda energetika ulgamynyň hem toplumlaýyn ösdürilmeginde ekologiýa abadançylygynyň, daşky gurşawyň arassalygynyň kesgitleýji ölçeg bolmagyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm ähmiýete eýedir. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak bilen energiýany öndürmek, energetika ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak bu ugurdaky kanunçylygyň esasy maksady bolup durýar. Gün energiýasy, ýel energiýasy, suw akymlarynyň tebigy hereketiniň energiýasy, Ýeriň we daşky gurşawyň ýylylyk energiýasy we beýlekiler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini emele getirýär.

Gümrük gullugynyň sanly mümkinçilikleri

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işi döwrebap kämilleşdirilip, onuň hukuk we maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmegi netijesinde, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri has-da artdy, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ýokarlandy, maýa goýumlary giňeldildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizi dünýäniň ulag-logistika merkezine öwürmegi bilen ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň giň tory döredildi. Ol Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hereket edýär. Şeýle hem gury ýer, howa we suw ýollary arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklar döwrebap häsiýete eýe bolýar. «Serhetýaka», «Ymamnazar» ýaly döwrebap gümrük nokatlarynda elektron ulgam hereket etmek bilen, demir ýol ulaglaryndaky ýükler awtomatik usulda kompýuterler arkaly barlanylyp, jikme-jik hem-de takyk gümrük gözegçiligi geçirilýär. Bu bolsa harby gullukçynyň wagtyny tygşytlaýar we işiň hiliniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ine, şunuň ýaly innowasion tehnologiýalara we enjamlara daýanýan awtomatika ulgamy gullugyň harby gullukçylaryň öz hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmeklerini talap edýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Öňdebaryjy ulgamyň ähmiýeti Islendik döwletiň ösüşli ýoluny ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösdürilmegi kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz Türkmenistanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň öňe süren düýpli özgertmeleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň uly orna eýe bolmagy bilen sazlaşykly utgaşýar. Aýratynam, bu babatda sanly ykdysadyýetiň jemgyýetimiziň durmuşyna ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir.

Ösüşlerimiziň ygtybarly kepili

Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginlerde ösdürilmegine güýçli itergi berýär. Garaşsyz döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler döwrebap önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegine mümkinçilik berdi. Täze tehnologiýaly kärhanalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi ajap eýýamymyzda ykdysadyýetde ýokary netijeleriň gazanylmagyna getirdi. Döwrebap önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine uly üns bermek bilen, milli Liderimiz täze usullaryň, has takygy, häzirki wagtda dünýäniň ähli döwletlerinde giň gerime eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna badalga berdi. 2019-njy ýylda Arkadag Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kämil ulgamyň ornaşdyrylmagynda uly ähmiýete eýe boldy.

Oýlanyşykly syýasat rowaçlanýar

Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň öňdebaryjy ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda milli Liderimiz ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklaryna we beýleki ulgamlara sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, dünýäniň köp döwletlerinde giň gerime eýe bolan bu öňdebaryjy ugry ösdürmek bilen bagly giň möçberli işlere badalga berdi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde durmuşa geçirilmeli işler kesgitlenildi. Bu Konsepsiýanyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine itergi berer. Ykdysadyýetimiziň we beýleki dürli ulgamlaryň sanlylaşdyrylmagy ykdysady netijelilige, tygşytlylyga, bäsleşige ukyply önümleri we harytlary öndürmekde täze mümkinçilikleri açar. Indi ýurdumyzda kompýuter we telekommunikasiýa, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagynda netijeli işler bitirilýär.

Täze ugruň geljegi

Ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiz ösüş- -özgerişli menzilleri külterleýär. Şeýle ösüşli depgin bolsa, milli ykdysadyýetimize häzirki zaman tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň barha giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna gazanylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň we beýleki ugurlaryň ösdürilmeginde iňňän wajyp orny eýeleýän sanly ulgamyň ösdürilmegine ýurt Baştutanymyz iňňän uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bilen täze ulgamyň ornaşdyrylmagyna badalga berildi. Dürli ýyllary öz içine alýan üç tapgyrdan ybarat bu Konsepsiýada maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň şu günki ýagdaýy, öňde durýan maksady hem-de bu babatda çözülmeli wezipeleri kesgitlenendir. Ýurdumyzda kompýuter, telekommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, oňa gatnaşýan taraplara dürli maslahatlary we ýaşlara bilim bermekde sanly gurluşy ösdürmekde giň mümkinçiliklere ýol açýar. Şonuň üçinem mekdebimizde sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berlip, bu möhüm meseläniň oňyn çözgüdine tarap ynamly ädim ädilýär. Şeýle ädimler Türkmenistan — parahatçylygyň we ynan

Halkyň gymmatly baýlygy

Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, onuň maddy binýadyny yzygiderli berkitmäge, ulgama sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işler diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem, ähli welaýatlarda hem işjeň alnyp barylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýän sanly ösüşler medeniýet ulgamyny hem gurşap alýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen şu ýylyň 12-nji fewralynda tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» medeniýet ulgamynda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy döwrebap wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Ýurdumyzyň teatrlarynda, kitaphana we muzeý ulgamlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Medeniýet edaralarynyň sanly ulgama geçirilmegi, olarda täze innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, kitaphanalaryň, muzeýleriň we teatrlaryň işi boýunça halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk edilmegi boýunça maksatnamalaýyn wezipeler çalt ösýän döwürde sanly gurşawyň işjeň gatnaşyjysy bolmak üçin giň şertleri açýar. Jemgyýetimiziň döwrebap ýollar bilen ösýän häzirki döwründe milli köklerini dünýäniň öňdebaryjy gazan

Tehnologiýa dünýäsi

Täze amaly ulgamyny we enjamlaryny tanyşdyrdy ■ Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy köp wagtdan bäri üstünde işlenilýän «HarmonyOS» amaly ulgamyny we bu ulgamda işleýän enjamlaryny tanyşdyrdy. Bu amaly ulgam telefon bilen beýleki enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ol «akylly» enjamlaryň arasyndaky aragatnaşygy aňsatlaşdyrjak ulanyjy interfeýsi bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem bu amaly ulgamyň enjamyň zarýadyny uzak saklamaga mümkinçilik berjekdigi bellenilýär.