Öňdebaryjy tehnologiýalara daýanyp

7 Iýul 2021
1165

Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete geçmek babatda gysga döwrüň içinde bitirilen beýik işler oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi.

Bazar gatnaşyklarynyň globallaşmagy, tehnologiýanyň günsaýyn ösmegi, täze innowasiýalaryň peýda bolmagy bilen, döwrüň talaby hem özgerýär. Watanymyzyň rowaçlanmagynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm çeşmesi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kabul edilýän uzakmöhletleýin milli we döwlet maksatnamalardyr.

Resulberdi MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar