Oýlanyşykly syýasat rowaçlanýar

21 Iýun 2021
1198

Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň öňdebaryjy ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda milli Liderimiz ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklaryna we beýleki ulgamlara sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, dünýäniň köp döwletlerinde giň gerime eýe bolan bu öňdebaryjy ugry ösdürmek bilen bagly giň möçberli işlere badalga berdi.

Bu babatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde durmuşa geçirilmeli işler kesgitlenildi. Bu Konsepsiýanyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine itergi berer. Ykdysadyýetimiziň we beýleki dürli ulgamlaryň sanlylaşdyrylmagy ykdysady netijelilige, tygşytlylyga, bäsleşige ukyply önümleri we harytlary öndürmekde täze mümkinçilikleri açar. Indi ýurdumyzda kompýuter we telekommunikasiýa, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagynda netijeli işler bitirilýär.

Beýleki habarlar