Täze ugruň geljegi

21 Iýun 2021
1090

Ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiz ösüş- -özgerişli menzilleri külterleýär. Şeýle ösüşli depgin bolsa, milli ykdysadyýetimize häzirki zaman tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň barha giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna gazanylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň we beýleki ugurlaryň ösdürilmeginde iňňän wajyp orny eýeleýän sanly ulgamyň ösdürilmegine ýurt Baştutanymyz iňňän uly üns berýär.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bilen täze ulgamyň ornaşdyrylmagyna badalga berildi. Dürli ýyllary öz içine alýan üç tapgyrdan ybarat bu Konsepsiýada maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň şu günki ýagdaýy, öňde durýan maksady hem-de bu babatda çözülmeli wezipeleri kesgitlenendir. Ýurdumyzda kompýuter, telekommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, oňa gatnaşýan taraplara dürli maslahatlary we ýaşlara bilim bermekde sanly gurluşy ösdürmekde giň mümkinçiliklere ýol açýar. Şonuň üçinem mekdebimizde sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berlip, bu möhüm meseläniň oňyn çözgüdine tarap ynamly ädim ädilýär. Şeýle ädimler Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda has-da rowaçlanýar.

Beýleki habarlar