«Gepleýän» kitaplar ýa-da audio görnüşindäki eserler hakda söhbet

2 Iýul 2021
1240

Durmuşy çalt akýan derýa meňzedýärler. Ine, şeýle gysga ömrüň dowamynda ynsana diňe maddy däl, ruhy baýlyk hem howa ýaly zerur. Beýle baýlygy kitapdan başga hiç bir serişdäniň berip bilmeýändigi hemmämize mälim. Ýöne häzirki depginli ösýän döwürde kitap okamak üçin ýeterlik wagt sarp edip bilmeýändigimizi hem bellemeli.

Innowasion tehnologiýalaryň durmuşymyza ornaşmagy netijesinde, müşgilimizi ýeňilleşdirýän serişdeler has-da köpelýär. Mysal üçin, audio kitaplaryň kömegi bilen bir wagtyň özünde dürli ýumuşlary bitirip hemem dürli eserlerden lezzet alyp bolýar. Audio kitap adyndan belli bolşy ýaly, haýsydyr bir edebiýatyň, eseriň sesli göçürmesidir. Şeýle görnüşli kitaplara häzirki wagtda bütin dünýäde isleg artýar.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant.
Beýleki habarlar