"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Halkyň saglygynyň döwletiň baýlygyna deňelýän ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň binýady berkidilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatdaky döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini her bir ynsanyň, tutuş jemgyýetiň ýaşaýyş kadalaryna ornaşdyrmaga gönükdirilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, täze taryhy döwürde jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan dürli baýramçylyklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň sport ýaryşlary, köpçülikleýin ýörişler bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem oňa bagtyýar raýatlarymyzyň uly höwes bilen gatnaşmaklary sport, Olimpiýa hereketiniň halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülýändigini, oňa eýerýänleriň sanynyň barha artýanlygyny alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň täze milli ulgamy, döwrebap nusgasy döredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tutuş halkymyza nusga alarlyk görelde görkezýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesi we sport bagtyýar döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleri sazlaşykly ter

Do­gum don­ly es­ger

1917-nji ýylyň bir güni Köpetdagy etekläp oturan Artyk obasynda, goşa çaýhanaly Garahan aganyň we Mährijemal enäniň maşgalasynda saryýagyzja ogul bäbejik dünýä inýär. Oba mollasy çagyrylyp, oglanjygyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyrylyp, doglan aýynyň hormatyna oňa Sapar diýip at dakýarlar. Ol ata-enesiniň elinde terbiýelenýär. Türkmeniň ilkinji bilim işgärleriniň biri Artykgül Teke gyzynyň (Tatýana Tekinskaýa) Artyk obasynda öz hasabyna açan mekdebinde başlangyç bilim alýar. Sa­par ýum­şa ýa­rap ug­ra­nyn­dan, do­gan­la­ry bi­len ata-ene­si­ne öý-ho­ja­lyk iş­le­rin­de we Ar­tyk de­mir ýol men­zi­li­niň gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän hu­su­sy çaý­ha­na­la­ryn­da zäh­met­de bi­şi­şip, ma­za­ly tap­lan­ýar. Oba­da kol­hoz gu­rul­ma­gy bi­len, meý­dan iş­le­rin­de iş­le­ýär. Ma­hal-ma­hal deň-duş­la­ry bi­len oba­nyň dag we Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň etek­le­ri­niň gö­zel ýer­le­ri­ne seý­ran edip, türk­me­niň mil­li oýun­la­ry­ny oý­nap­dyr, gö­reş tu­tup­dyr. Orak möw­sü­min­de Ar­tyk oba­sy­nyň ekin­le­rin­de kol­hoz­çy­lar bi­len orak orup­dyr.

Paý­tag­tyň sport dur­mu­şyn­dan

Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Boks fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2024-nji ýyl­da Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na ýol­lan­ma ga­zan­mak bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler ul­gam­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri baş tä­lim­çi Te­nel­bek Džu­ma­ku­lo­wyň we kö­mek­çi tä­lim­çi Ýaz­mu­ham­met Paz­zy­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da okuw-tür­gen­le­şik sa­pak­la­ry­ny geç­ýär­ler.

Halkara ýaryşdan medally

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary Belarus Respublikasynda geçirilen halkara ýaryşda ikinji orny eýeledi. Jemleýji duşuşygyny Belarusuň regulýar çempionatynyň MFK «Minsk» kluby bilen geçiren ýygyndy toparymyz 3:2 hasabynda ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi. Mundan öň Türkmenistanyň ýygyndy topary Minsk şäherinde ýurduň çempionatyna gatnaşyjy «Ohrana-Dinamo» klubuny 7:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Türkmen topary birinji duşuşygynda Belarusuň ýygyndysyndan asgyn gelipdi. Geçiren duşuşyklarynyň üçüsini hem ýeňiş bilen jemlän Belarusuň ýygyndy topary ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Taryhda şu gün

Tomusky oýunlaryň açylyş dabarasynyň şol ýylyň 5-nji iýulynda geçirilendigine garamazdan, Oýunlaryň çäginde guralan bäsleşikleriň käbiriniň deslapky tapgyrlary 4-nji maýda geçirildi.

Gyzykly geçen ýaryşlar

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli sport ýaryşlary biri-birine ulaşýar. Beýik şahyrymyzyň dogduk mekanynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we Magtymguly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen woleýbol ýaryşlary hem bu senä bagyşlandy. Welaýatymyzyň woleýbol boýunça açyk çempionatyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toparlar gatnaşyp, onda birinji orny Mary welaýatynyň «Asuda asman» topary eýeledi. Ikinji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi», üçünji orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär» toparlary mynasyp boldular.

Finalçylar jogap duşuşygynda belli bolar

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da ýa­rym fi­na­lyň 1-nji du­şu­şyk­la­rynyň 2-si hem Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­la­ryň bi­ri deň­me-deň ta­mam­la­nan bol­sa, beý­le­ki­sin­de ýer eýe­le­ri iň ki­çi ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Iki du­şu­şyk­da je­mi 5 gol ha­sa­ba alyn­dy. UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da Mün­hen­de «Ba­wa­ri­ýa» bi­len «Re­al Mad­ri­diň» ara­syn­da oý­na­lan ýa­rym fi­na­lyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Fran­si­ýa­ly Kle­men Tur­pe­niň emin­lik eden du­şu­şy­gyn­da il­kin­ji bo­lup myh­man­lar ha­sa­by aç­dy. Oý­nuň 24-nji mi­nu­tyn­da To­ni Kroo­syň owa­dan pa­syn­da Wi­ni­si­us Ju­ni­or to­py der­we­zä gö­nük­dir­di. Ýer eýe­le­ri bu go­la 1-nji ýa­rym­da jo­gap be­rip bil­me­di. 2-nji ýa­ry­myň baş­la­ryn­da yz­ly-yzy­na 2 gol ge­çi­ren ne­mes klu­by 2–1 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­dy. Du­şu­şy­gyň 53-nji mi­nutyn­da Le­roý Sa­ne­niň je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň içi­ne gi­rip, uran bat­ly ur­gu­syn­dan soň ha­sap deň­len­di. Bu gol­dan 4 mi­nut so­ňam Har­ri Keýn emi­niň bel­län pe­nal­ti­si­ni dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip, «Ba­wa­ri­ýa­ny» öňe saý­la­dy. Oý­nuň

«Bundesliganyň» iki ussady

Hä­zir­ki wagt­da fut­bol­da bir to­par­da uzak wagt­lap çy­kyş et­mek ýa-da tä­lim­çi bol­mak seý­rek duş gel­ýän ha­dy­sa­dyr. Mu­ňa Pao­lo Mal­di­ni, Fran­çes­ko Tot­ti, Pol Skouls, Ra­ýan Giggz ýa­ly tu­tuş kar­ýe­ra­la­ry­ny bir klub­da ge­çi­ren fut­bol­çy­la­ry my­sal ge­tir­mek bo­lar. Aleks Fer­gu­son, Gi Ru, Ar­sen Wen­ger ýa­ly meş­hur tä­lim­çi­le­r kar­ýe­ra­la­ry­nyň ep-es­li ýyl­la­ry­ny bir klub­da ge­çi­ren us­sat tä­lim­çi­ler­dir. Fut­bo­lyň ir­ki ýyl­la­ryn­da, has ta­ky­gy, 1950-nji ýyl­lar­dan öň bir to­par­da uzak wagt­lap iş­län tä­lim­çi­le­riň sa­ny az däl­di. Hat­da şol ýyl­lar­da 20–30 ýyl­lap bir klu­ba ýa-da ýy­gyn­da tä­lim ber­ýän hü­när­men­le­riň sa­ny ju­da köp­di. Aleks Fer­gu­son bi­len Ar­sen Wen­ge­r tä­lim­çi­li­gi taş­lan­la­ryn­dan soň, bu sta­tis­ti­ka ha­sam aza­lan ýa­ly. Ýö­ne şon­da-da bir­län-iki­län duş ge­lin­ýär. Şo­la­ryň iki­si hä­zir­ki wagt­da Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­da» bo­lup, ola­ryň iki­si-de köp wagt­dan bä­ri hä­zir­ki klub­la­ryn­da iş­läp ýör­ler. Esa­sy gür­rü­ňe geç­mez­den ozal, hä­zir­ki gün­de Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çe

«Mançester Sitiden» öňe geçdi

Ang­li­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy «EFL Cham­pions­hip»-de «Les­ter Si­ti» çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan edip, bir ýyl­dan soň «Pre­mi­er Li­ga» do­lan­dy. 45-nji tap­gyr­da «Pres­ton Nort End» to­pa­ry­ny Jeý­mi War­di (2) hem-de Keý­zi Ma­kA­ti­riň gol­la­ry bi­len 3–0 ýe­ňen «Les­ter Si­ti» 2-nji li­ga­da 8-nji ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Olar bu ugur­da «Man­çes­ter Si­ti­niň» re­kor­dy­ny (7 çem­pi­on­lyk) tä­ze­le­me­giň höt­de­sin­den gel­di. «Les­ter Si­ti» 45 oýun­da 97 utuk top­la­dy. 2-nji ýer­de 93 utuk top­lan «Ips­wiç Tawn» bar­ýar. Ola­ra «Pre­mi­er Li­ga» çyk­mak üçin soň­ky tap­gyr­da 1 utuk hem ýe­ter­lik bo­lar. Ita­li­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy «Se­rie B»-de «Par­ma» to­pa­ry 36-njy tap­gyr­da «Ba­ri» bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Bu deň­lik ola­ryň 3 ýyl­dan soň «Se­rie A» do­lan­ma­gy üçin ýe­ter­lik bol­dy. 36 oýun­da 74 utuk top­lan «Par­ma» soň­ky ge­zek 2020/21 möw­sü­min­de «Se­rie A»-da çy­kyş edip­di. «Se­rie B»-de «Ko­mo» 71 utuk bi­len 2-nji orun­da bar­ýar. Olar in­di­ki tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­sa, «Par­ma­dan» soň ýo­ka­ry li­ga çy­kan 2-nji klub bo­lar.

90-njy mi­nut­dan soň gol geçirmeklik däbe öwrüldi

Mun­dan 20 gün öň, ýag­ny 14-nji ap­rel­de Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bun­des­li­ga­syn­da» ta­ry­hy wa­ka bo­lup geç­di. Le­wer­ku­zen şä­he­ri­niň do­ly ady «Ba­ýer 04» bo­lan to­pa­ry 119 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da (1-nji iýul­da 120 ýyl bol­ýar) il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Bu çem­pi­on­ly­gyň iň esa­sy iki aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup, bi­rin­ji­si ýeň­liş­siz ga­za­ny­lan çem­pi­on­lyk bol­ma­gy, ikin­ji­si bol­sa ýur­duň fut­bo­ly­nyň hök­mü­ro­wa­ny «Ba­wa­ri­ýa­nyň» 11 ýyl­lyk çem­pi­on­ly­gy­ny soň­lan­dyr­ma­gy­dyr. «Ba­ýe­riň» çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gyn­da tä­lim­çi Ha­bi Alon­so­nyň or­ny gür­rüň­siz ulu­dyr. Şeý­le-de, onuň to­pa­ryň oýun­çy­la­ry­nyň süň­ňü­ne siň­di­ren, aňy­na gu­ýan mo­ti­wa­si­ýa­sy­dyr. Ýag­ny to­par çem­pi­on bol­ýan­ça, hat­da çem­pi­on­lyk ga­za­ny­lan­dan so­ňam ýeň­şe bo­lan yna­my­ny, fut­bo­la bo­lan hy­ju­wy­ny, hö­we­si­ni, mo­ti­wa­si­ýa­sy­ny bir­ji­gem ýi­tir­me­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, kä­bir oýun­la­ra se­re­de­niň­de, olar üçin oýun 90-njy mi­nut­dan soň baş­la­nýan ýa­ly. Mu­ňa to­pa­ryň 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ren gol­la­ry do­ly şa­ýat­

De­lo­ne­niň ta­gal­la­sy we il­kin­ji ýa­ryş­lar

Üstünliklere beslenen aý

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan sportuň dzýudo görnüşi boýunça 2010, 2011, 2012, 2013-nji ýylda doglan ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda mekdebimiziň 4-nji synp okuwçysy Roza Kazakowa 27 kilogram agramda 3-nji orny eýelemegi başardy. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasy tarapyndan 2007-nji ýylda doglan oglan-gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde mekdebimiziň 11-nji synp okuwçysy Sewinç Ýangaberdiýewa 2-nji orna mynasyp boldy. Şu ýylyň 5-nji aprelinde «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan Daşoguz şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» atly sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Yhtyýar we Asal Babajanowa dagy 3-nji orna mynasyp boldular. Toparlaýyn ýaryşda hem 3-nji orny eýelediler.

Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş pälwanlaryň 200-e golaýy gatnaşdy. Ýaryşyň dowamynda türgenler agram derejeleriniň 9-sy boýunça güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň topary birinji orna mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň Ýaş olimpiýaçylar mekdebiniň topary ikinji orny eýeledi. Welaýatymyzyň türgenleri bolsa üçünji orny gazandylar. Ýaryşa tejribeli tälimçiler Zafar Nuraliýew, Azat Kabulow, Rüstem Nazarow dagy eminlik etdiler. Ýeňijiler Hormat hatlary we medallar bilen sylaglanyldylar.

Welaýatyň kubogyny almak ugrunda ýaryşdylar

Sport mekdebimizde türkmen milli göreşi boýunça welaýatyň kubogyny almak ugrunda ýaryşlar guraldy. Ulularyň arasynda geçirilen bu ýaryşda Türkmenabat şäheriniň, Darganata, Saýat we Kerki etraplarynyň pälwanlary agram derejeleriniň 10-sy boýunça güýç synanyşdylar. Ýaryşyň dowamynda etrabymyzyň türgenleri has üstünlikli çykyş etdiler. Biziň sport mekdebimiziň pälwanlary-da baýrakly orunlaryň aglabasyny eýelediler. Olardan Azat Guwanjow 48, Babajan Bäşimow 62, Toýly Annaýew 82, Şöhrat Öwezow 90, Ýakup Kabulow 100 kilograma çenli we Guwanç Hemraýew 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde ýeňiş gazandylar. Türkmenabatly pälwanlardan Atajan Atajanow 52, Ereş Akmyradow 57, Batyr Hemraýew 68 we Gylyç Gylyjow 74 kilogram agram derejelerinde iň ýokary netijeleri görkezdiler.

Halypa pälwanyň ýadygärligine bagyşlandy

Etrabymyzdaky 5-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça geçirilen açyk birinjilik halypa pälwan Babamyrat Annadurdyýewiň ýadygärligine bagyşlandy. Ýaryşda ýetginjekleriň 250-den gowragy öz ussatlyklaryny görkezdiler. Agram derejeleriniň 12-si boýunça guralan tutluşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenabat şäheriniň topary birinji orny eýeledi. Saýat we Dänew etraplarynyň toparlary bolsa degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Biziň sport mekdebimiziň türgenlerinden Ruslan Arslanow, Mukam Gaýipow, Babahan Atahanow, Eldar Bazargeldiýew, Annageldi Gowşudow dagy öz agram derejelerinde baýrakly orunlary eýelediler. Ýeňijiler diplomlar we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar.

Türgenlerimiziň halkara ýaryşdaky üstünligi

Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Baýaman Erkinbaýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen halkara ýaryşa 7 döwletden 140-a golaý türgen gatnaşdy. Bu halkara ýaryşa gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş eden ahally türgenleriň üstünligi has-da guwandyry boldy. Gürrüňi edilýän halkara ýaryşda Sarahs etrabynyň türgeni Silapberdi Nuryýew 80 kilogram agram derejesinde, Babadaýhan etrabynyň türgeni Annagurban Allaberdiýew 90 kilogram agram derejesinde, Ak bugdaý etrabynyň türgeni Pälwan Gurbangeldiýew 100 kilogram agram derejesinde, Bäherden etrabynyň türgeni Nurmuhammet Aýdogdyýew 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde altyn medallara, Gökdepe etrabynyň türgeni Azymmuhammet Orazmuhammedow 70 kilogram agram derejesinde kümüş medala, Babadaýhan etrabynyň türgeni Mekan Mämmedow 100 kilogram agram derejesinde bürünç medala, şeýle-de Tejen etrabynyň türgeni Zöhre Gurbanmyradowa 65 kilogram agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Şeýlelikde Ahal welaýatynyň türgenleri altyn medalyň dördüsini, kümüş medalyň birini, bürünç medalyň ikisini gazandylar.

Söz — ýeňijilerden

Begençmyrat AGAMYRADOW,Türkmenistanyň ussat çapyksuwary, baş baýragyň eýesi:

Didar HAJYÝEW, «Arkadag» futbol toparynyň tälimçisi.

Tejribeli türgenleriň topary Biziň futbol toparymyz döredilen gününden başlap, üstünlikli çykyş edip gelýär. Geçen ýylyň özünde ýurdumyzyň Ýokary ligasyny we Kubogyny gazandyk. Iki kubok üçin geçen ýolumyzda bir gezegem utulmadyk. Häzirki wagtda-da milli çempionatymyzda ýeňişli ýollarymyzy dowam edýäris. Maksadymyz Türkmenistanyň sport abraýyny mundan-da belende götermek. Şondan ötri öňümizdäki halkara ýaryşlarda çykyş etmek üçin hem ykjam taýýarlanýarys. Oýunlarda ýeňiş gazanmak ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys. Nesip bolsa, ýeňişlerem gazanarys. Sebäbi munuň üçin biziň uly mümkinçiliklerimiz bar. Çünki sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda türkmen futbolyny ýokary halkara derejä çykarmak ugrunda hemmetaraplaýyn işleriň alnyp barylýandygy türkmen futbolçylarynyň ruhuny belende göterýär. 26-njy aprelde Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gelip, türgenleşik pursatlarymyzy synlamagy, hal-ahwalymyzy soramagy hem toparymyzyň oýunçylary üçin unudylmajak taryhy gün boldy. Toparymyzyň Arkadag şäherinde döwrebap sport toplumynda türgenleşikleri geçmegi, ýaşamaga ähli amatlyklary bolan öýlerden paýly bolmaklary hem biz barada edilýän aladalaryň biri. Munuň üçin

Taryhy duşuşygyň täsiri bilen

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşyk turuwbaşdan «Arkadag» toparynyň rüstem oýnuna beslendi. Bu sazlaşykly oýun topara oýnan resmi duşuşyklaryndaky ýubileý ýeňşini hem getirdi. Topar 40 ýeňşiň 33-sini Türkmenistanyň çempionatynda, galan 7-sini bolsa ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşda geçirdi. Ilkinji möwsüminde toparyň bu ýaryşlaryň ikisinde-de ýeňiji bolandygyny ýatladýarys. Toparyň tälimçiler we türgenler düzümi ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýörite türgenleşik pursatlaryna gatnaşyp, ýürekdeş gürrüň etmeginden has-da ruhlandylar. Bu ruhubelentlik we şol taryhy duşuşygyň şatlygy düýnki duşuşykda hem miwesini berdi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz eýýäm uly şöhratyň eýesi bolan toparyň geljekde halkara ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli goldawyň beriljekdigini aýtdy. Munuň özi türkmen futbolynyň taryhynda täze şanly sahypanyň ýazylyp başlanandygynyň buşlukçysydyr.

Sagdyn ýaşlar — ygtybarly geljek

Halkymyzyň beden we ruhy sagdynlygyny gazanmakda sport hereketlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirlikleri döredildi, köpugurly sport toplumlary, merkezleri we mekdepleri, stadionlar, aýlawlar gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Jemgyýetçilik binalarynyň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerinde sport meýdançalary döredildi. Döredilýän şeýle uly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Gahryman Arkadagymyzyň «Sport türgenleşiklerinde berkän ýaşlar biziň ygtybarly geljegimiziň daýanjydyr» diýýän gymmatly sözlerini ýörelge edinip, ýaş nesilleriň ussat türgenler bolup ýetişmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä tanatmaklary ugrunda meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär.