90-njy mi­nut­dan soň gol geçirmeklik däbe öwrüldi

3 Maý 2024
196

Mun­dan 20 gün öň, ýag­ny 14-nji ap­rel­de Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bun­des­li­ga­syn­da» ta­ry­hy wa­ka bo­lup geç­di. Le­wer­ku­zen şä­he­ri­niň do­ly ady «Ba­ýer 04» bo­lan to­pa­ry 119 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da (1-nji iýul­da 120 ýyl bol­ýar) il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Bu çem­pi­on­ly­gyň iň esa­sy iki aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup, bi­rin­ji­si ýeň­liş­siz ga­za­ny­lan çem­pi­on­lyk bol­ma­gy, ikin­ji­si bol­sa ýur­duň fut­bo­ly­nyň hök­mü­ro­wa­ny «Ba­wa­ri­ýa­nyň» 11 ýyl­lyk çem­pi­on­ly­gy­ny soň­lan­dyr­ma­gy­dyr. «Ba­ýe­riň» çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gyn­da tä­lim­çi Ha­bi Alon­so­nyň or­ny gür­rüň­siz ulu­dyr. Şeý­le-de, onuň to­pa­ryň oýun­çy­la­ry­nyň süň­ňü­ne siň­di­ren, aňy­na gu­ýan mo­ti­wa­si­ýa­sy­dyr. Ýag­ny to­par çem­pi­on bol­ýan­ça, hat­da çem­pi­on­lyk ga­za­ny­lan­dan so­ňam ýeň­şe bo­lan yna­my­ny, fut­bo­la bo­lan hy­ju­wy­ny, hö­we­si­ni, mo­ti­wa­si­ýa­sy­ny bir­ji­gem ýi­tir­me­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, kä­bir oýun­la­ra se­re­de­niň­de, olar üçin oýun 90-njy mi­nut­dan soň baş­la­nýan ýa­ly. Mu­ňa to­pa­ryň 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ren gol­la­ry do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär.

«BAWARIÝA» DUŞUŞYGYNDA BAŞLADY

Beýleki habarlar