Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

3 Maý 2024
238

Halkyň saglygynyň döwletiň baýlygyna deňelýän ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň binýady berkidilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatdaky döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini her bir ynsanyň, tutuş jemgyýetiň ýaşaýyş kadalaryna ornaşdyrmaga gönükdirilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, täze taryhy döwürde jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan dürli baýramçylyklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň sport ýaryşlary, köpçülikleýin ýörişler bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem oňa bagtyýar raýatlarymyzyň uly höwes bilen gatnaşmaklary sport, Olimpiýa hereketiniň halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülýändigini, oňa eýerýänleriň sanynyň barha artýanlygyny alamatlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň täze milli ulgamy, döwrebap nusgasy döredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tutuş halkymyza nusga alarlyk görelde görkezýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesi we sport bagtyýar döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleri sazlaşykly terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem, sport bilen meşgullanmagyň medeniýetiniň häzirki zaman jemgyýetimizdäki ornuny ýokarlandyrmak babatda ýurdumyzda düýpli maýa goýumlar goýulýar. Şonuň netijesinde, gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerindäki bedenterbiýe we sport edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, döwrebap sport mekdepleridir desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Gözel Diýarymyzda gurulýan saglygy goraýyş merkezleri ilatymyza ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýärler we ygtybarly saglygy goraýşy üpjün edýärler. Bu saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşleriniň barha belentlere ymtylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ulgamyň işi dünýä ölçeglerine laýyk getirilýär, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldilýär we hili ýokarlandyrylýar.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar