De­lo­ne­niň ta­gal­la­sy we il­kin­ji ýa­ryş­lar

3 Maý 2024
157

Fut­bo­lyň wa­ta­ny ha­sap­lan­ýan Ýew­ro­pa­da yk­lym ýa­ry­şy­ny ge­çir­mek­lik üçin ir­ki ýyl­lar­da ta­gal­la­lar edil­se-de, çem­pio­nat üçin az-ow­lak ga­raş­ylma­ly bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da fut­bo­lyň iň ösen yk­ly­my­na çem­pio­na­ty ýo­la goý­mak­lyk 20-nji asy­ryň or­ta­la­ryn­dan soň ba­şard­ýar.

Fut­bol oý­nu­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gyn­dan soň Ýew­ro­pa­da FI­FA dö­re­dil­ýär we Dün­ýä Ku­bo­gy ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. Hat­da on­dan öň Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň çem­pio­na­ty hem ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. Ýö­ne Ýew­ro­pa­da yk­lym ýa­ry­şy en­tek ýok­dy. Yk­ly­myň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän 2 bäs­le­şik bar­dy, ýö­ne ola­ram se­bit­le­ýin ýa­ryş­lar bo­lup, tu­tuş Ýew­ro­pa­ny öz içi­ne ala­nok­dy. Şol wagt­lar ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ryň bi­ri Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň dü­zü­min­dä­ki ýurt­la­ryň ara­syn­da gu­ra­lan Bri­ta­ni­ýa­nyň ýer­li çem­pio­na­ty (Bri­tish Ho­me Cham­pions­hip) bo­lup, ol la­ýyk 100 ýyl­lap, ýag­ny 1884–1984-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Ang­li­ýa­nyň 54 ge­zek çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­la­nan çem­pio­na­ta 5 ýur­duň ýy­gyn­dy­sy gat­naş­ýar. Beý­le­ki bir ýa­ryş bol­sa Mer­ke­zi Ýew­ro­pa­nyň hal­ka­ra ku­bo­gy (Cent­ral Eu­ro­pe­an In­ter­na­tio­nal Cup) ýa­ry­şy bo­lup, 1927–1960-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da gu­ra­lan bäs­le­şi­ge Ita­li­ýa, Awst­ri­ýa, Çe­hos­lo­wa­ki­ýa, Weng­ri­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Pol­şa, Ru­my­ni­ýa hem-de Ýu­gos­la­wi­ýa döw­let­le­ri­niň ýy­gyn­dy­sy we­kil­çi­lik ed­ýär. Je­mi 6 ge­zek gu­ra­lan ýa­ryş­da Ita­li­ýa 2 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar.

Beýleki habarlar