«Bundesliganyň» iki ussady

3 Maý 2024
173

Hä­zir­ki wagt­da fut­bol­da bir to­par­da uzak wagt­lap çy­kyş et­mek ýa-da tä­lim­çi bol­mak seý­rek duş gel­ýän ha­dy­sa­dyr. Mu­ňa Pao­lo Mal­di­ni, Fran­çes­ko Tot­ti, Pol Skouls, Ra­ýan Giggz ýa­ly tu­tuş kar­ýe­ra­la­ry­ny bir klub­da ge­çi­ren fut­bol­çy­la­ry my­sal ge­tir­mek bo­lar. Aleks Fer­gu­son, Gi Ru, Ar­sen Wen­ger ýa­ly meş­hur tä­lim­çi­le­r kar­ýe­ra­la­ry­nyň ep-es­li ýyl­la­ry­ny bir klub­da ge­çi­ren us­sat tä­lim­çi­ler­dir. Fut­bo­lyň ir­ki ýyl­la­ryn­da, has ta­ky­gy, 1950-nji ýyl­lar­dan öň bir to­par­da uzak wagt­lap iş­län tä­lim­çi­le­riň sa­ny az däl­di. Hat­da şol ýyl­lar­da 20–30 ýyl­lap bir klu­ba ýa-da ýy­gyn­da tä­lim ber­ýän hü­när­men­le­riň sa­ny ju­da köp­di.

Aleks Fer­gu­son bi­len Ar­sen Wen­ge­r tä­lim­çi­li­gi taş­lan­la­ryn­dan soň, bu sta­tis­ti­ka ha­sam aza­lan ýa­ly. Ýö­ne şon­da-da bir­län-iki­län duş ge­lin­ýär. Şo­la­ryň iki­si hä­zir­ki wagt­da Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­da» bo­lup, ola­ryň iki­si-de köp wagt­dan bä­ri hä­zir­ki klub­la­ryn­da iş­läp ýör­ler. Esa­sy gür­rü­ňe geç­mez­den ozal, hä­zir­ki gün­de Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çem­pio­nat­la­ryn­da uzak wagt­dan bä­ri bir klu­ba tä­lim be­rip gel­ýän hü­när­men­le­ri hem bel­läp ge­çe­liň. Die­go Si­meo­ne 13 ýy­la go­laý wagt bä­ri «At­le­ti­ko Mad­ri­de» tä­lim be­rip gel­ýär. Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­syn­da» 8,5 ýyl gow­rak wagt­dan bä­ri «Li­wer­pu­lyň» tä­lim­çi­si bo­lup iş­läp gel­ýän ger­ma­ni­ýa­ly Ýur­gen Klopp möw­sü­miň ahy­ryn­da we­zi­pe­si­ni taş­lar. Şu gün­ler­de bas­syr 4-nji çem­pi­on­ly­gy ug­run­da gö­reş alyp bar­ýan «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry­nyň is­pa­ni­ýa­ly tä­lim­çi­si Pep Gu­ar­dio­la­nyň hem klub­da iş­läp ýö­re­ni­ne 8 ýyl do­lup gel­ýär. Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-da «Ata­lan­ta­nyň» tä­lim­çi­si Jan Pi­ero Gas­pe­ri­ni 8, «Li­gue 1»-de li­ga gal­mak üçin gö­reş­ýän «Kler­mon» to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si Pas­kal Gas­teýn hem 6,5 ýyl­dan bä­ri bir klu­ba tä­lim ber­ýär.

Beýleki habarlar