"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Woleýbol ýaryşy

Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebinde «Biz Oguz han nesli» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasynyň çäginde geçen ýaryşa etrapdaky umumybilim berýän mekdeplerden toparlar gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşda okuwçy ýaşlar ukyp-başarnygyny görkezdiler. Netijede etrapdaky 25-nji orta mekdebiň topary birinji, 19-njy orta mekdebiň topary ikinji, 2-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Sport

Çekeleşikli geçen ýaryş Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygar astynda dürli sport çäreleri geçirilýär. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem sportuň woleýbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň we welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa ady agzalan orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Dostluk gezelenji. Taklamakan we Ýüpek ýoly ýörişi 2024 Hytaýyň Horgos şäherinde başlandy

2024-nji ýyldaky Taklamakan we Ýüpek ýoly ýörişi Hytaýyň Sinszýan uýgur awtonom sebitindäki Horgosda başlandy. Bäsleşige Hytaýdan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan gelen 130-dan gowrak ýaryşçy gatnaşýar. Jemi uzynlygy 2523 kilometre barabar bolan 5 tapgyrda bäsleşmeli bolarlar. Bu ugur türgenlere üç ýurduň çägindäki tebigy landşaftlaryň gözelligini we dürlüligini görmäge mümkinçilik berer.

Şaşka bäsleşigi

8-nji tapgyr Aklar başlaýar we utýarKombinasiýa 3 utuk berilýär

Sport

Agyr atletikaçylar bäsleşdiler Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça meşgullanyp, uly üstünliklere eýe bolýan türgenleriň sany ýylsaýyn artyp, dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmekde bitirilýän işleriň badynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

«Altyn Asyr» Gündogar bazarynyň işgärleriniň gazanan sport üstünligi

Ýeňişleriňiz dowamly bolsun, pälwanlar! Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Şu günki ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen täze ruhly nesillerdir. Jemgyýetçilik guramalary Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär» diýip, belle­mek bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işlerine örän ýokary baha berýär. Bu bolsa sporta, ylma, çeper döredijilige ukyply, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda we olary höweslendirmekde anyk wezipeleri öňümizde goýýar.

Fitnes — saglygyň çeşmesi

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Lukmanlaryň belleýşi ýaly, hereketiň azlyk etmegi dürli keselleriň döremegine sebäp bolýar. Şeýle ýagdaýda fitnes maşklary biziň üçin saglygyň gymmatly çeşmesine öwrülýär. Eýsem, «fitnes maşklaryny ir säher bilen ýerine ýetirseň peýdalymy ýa-da agşamara?» diýen soragy öz-özüne berýän kän bolsa gerek. Bu soragyň jogabyny biziň şu çykyşymyzdan öwrenip bilersiňiz.

«Arkadag» toparynyň täze rekordy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynda myhmançylykda «Nebitçi» toparyny 4:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň çempionatynda utuk sanyny 100-den geçiren toparlaryň hataryna girdi.

Serdar Rahymow dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Türkmenistanyň sportunyň taryhyna täze şanly sahypa ýazyldy. 20 ýaşly dzýudoçy Serdar Rahymow Täjigistanyň paýtagtynda başlanan IJF «Uly tuwulga» dünýä tapgyryndaky «Dushanbe Grand Slam 2024» abraýly ýaryşda Türkmenistan üçin ilkinji altyn medalyny gazandy.

Ýelden ýüwrük bedewleriň ýaryşy

Ýurdumyzda dowam edýän ýazky at çapyşyk möwsüminiň Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen nobatdaky tapgyry toý ruhuna beslendi. Döwrebap toplumyň giň aýlawynda guralan ýelden ýyndam bedewleriň ýaryşlary köp sanly janköýerlerde aýratyn täsir galdyrdy. Her aýlawyň başlanýan wagtynda ýaňlanan halk heňleridir hoş owazly aýdym-sazlar şowhunly ýaryşlaryň özboluşly bezegine öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýaz paslynyň nurana gününde şatlyga gurşalan at çapyşygy alty tapgyrdan ybarat bolup, oňa üç, dört we uly ýaşar atlaryň 30-dan gowragy gatnaşdyryldy. Daşoguzyň döwlet athanasyna, welaýatyň edara-kärhanalaryna hem-de hususy hojalyklara degişli atlar aýlawlarda özleriniň ýyndamlyklaryny görkezdiler.

Yna­my öde­ýän tür­gen­ler

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Spor­tuň ka­ra­te­do (WKF) gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Öz­be­gis­ta­nyň açyk çem­pio­na­tyn­da we Sa­mar­kant şä­he­rin­de gu­ra­lan Azi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da türk­men tür­gen­le­ri üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Şol üs­tün­li­ge Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi­niň 2-nji sport mek­de­bi­niň tür­gen­le­ri hem my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­du­lar.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­diri­len küşt we şaş­ka mek­de­bi­nde Türk­me­nis­ta­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň gur­na­ma­gyn­da ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çiril­di. Maslahatyň dowamynda 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da Ýe­ňiş gü­ni my­na­sy­bet­li uruş we­te­ran­la­ry­na, şeý­le-de uruş­da we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýan­ýol­daş­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­r gow­şu­ry­ldy.

Naý­ba­şy fut­zal li­ga­sy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Geçen hepdede du­şu­şyk­la­ryň iki­si bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Naý­ba­şy fut­zal li­ga­sy­na ba­dal­ga be­ril­di. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň res­mi saý­ty ha­bar ber­ýär.

AFK-nyň ku­bo­gy­nyň çem­pio­ny belli bol­dy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Türk­me­nis­tan­ly fut­bol­çy­lar Sü­leý­man Mu­ha­dow bi­len Teý­mur Ça­ry­ýe­wiň we­kil­çi­lik ed­ýän Gyr­gy­zys­ta­nyň «Ab­dyş-Ata» to­pa­ry bi­len se­bi­ta­ra fi­nal­da du­şu­şan «Sent­ral Kost Ma­ri­nes» (Awst­ra­li­ýa) AFK-nyň ku­bo­gy­nyň iň soň­ky eýe­si bol­dy. Yk­ly­myň ikin­ji de­re­je­li klub­la­ýyn ýa­ry­şy­nyň fi­nal du­şu­şy­gy 5-nji maý­da ge­çi­ril­di.

Talyp türgenimiziň ajaýyp üstünligi

Ýakynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde dzýudo boýunça geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda talyp türgenimiz şowly çykyş etdi. Bu ýaryşda 66 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Serdar Rahymow bäsdeşleriniň ählisinden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy. 20 ýaşly türgen altyn medala uzaýan ýolda mongoliýaly türgen Býambasuren Ulziibaýardan, kanadaly Žýulýen Fraskadordan, täjigistanly Mulorajab Halifaýewden, özbegistanly Bobur Wajiýewden we final tutluşygynda täjik türgeni Obid Jebowdan üstün çykdy. Serdaryň hasabynda ozal hem sebitleýin kubok ýaryşlarynda bir altyn, iki kümüş, açyk çempionatlarda bolsa iki kümüş medalyň bardygyny bellemek gerek.

Ka­ra­te­çi­le­ri­mi­ziň me­dal­la­ry

Türk­men tür­gen­le­ri Ür­genç­de ge­çi­ri­len «UZBEKISTAN OPEN 2024» ka­ra­te bo­ýun­ça il­kin­ji hal­ka­ra (WKF) ýa­ry­şyn­da dür­li de­re­je­li me­dal­la­ryň 23-si­ni ga­zan­dy­lar. Bäs­le­şi­ge Gyr­gy­zys­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Türk­me­nis­tan­dan we Öz­be­gis­tan­dan 293 ka­ra­te­çi (200 og­lan we 93 gyz) gat­naş­dy. Ýa­ryş ge­çi­ri­len ýur­da meý­dan­ça eýe­le­ri hök­mün­de aý­ry-aý­ry klub­lar we­kil­çi­lik et­di­ler. Tut­lu­şyk­la­ryň äh­li gör­nüş­le­rin­de il­deş­le­ri­miz 5 al­tyn, 5 kü­müş we 13 bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ry­ny bu ýa­ry­şa tä­lim­çi­ler Aý­dyň Ça­ry­ýew we Igor Ra­hy­mow taý­ýar­la­dy­lar.

Arkadagly ýaşlaryň şowly çykyşy

Sportuň giňden ýaýran görnüşlerini has-da ösdürmek, sagdyn, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmek we güýçli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hem sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlary yzygiderli guralyp gelinýär. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada şeýle bäsleşikleriň esasylarynyň biridir. Nobatdaky XIII Spartakiadanyň çäklerinde paýtagtymyzyň dürli sport meýdançalarynda sportuň 13 görnüşi boýunça bäsleşikler örän gyzykly hem çekeleşikli alnyp baryldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary 1-nji orna mynasyp bolup, ussatlyk görkezmegi başardylar.

Tennis kortlarynda

Golaýda «Aşgabat» köpugurly stadionynda tennis boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. 14 we 18 ýaşdaky tennisçileriň arasynda guralan ýaryşa ýaş türgenleriň 150-si gatnaşdy. Netijede gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ilima Guseýnowa ýaş aýratynlyklaryň ikisi boýunça ýeňiş gazandy. Kiçi ýaş toparynyň finalynda ol paýtagtyň 87-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewadan üstün çykdy, uly toparda bolsa iki setiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki çempiony, 50-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aişa Bikbulatowany ýeňdi.

Welaýatyň açyk birinjiligi

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäheriniň 1-nji sport mekdebinde 2010 – 2013-nji, 2012 – 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça welaýatyň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşda ýurdumyzyň sport mekdepleriniň türgenleri dürli agram derejelrinde bäsleşdiler. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň topary hem bu bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi.

Sport mekdeplerinde

Ýakynda Murgap etrabynyň 1-nji sport mekdebinde futbol boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa etrabyň ezber türgenlerinden düzülen toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde 1-nji sport mekdebiň türgenleri üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýelediler. 18-nji orta mekdebiň topary 2-nji, 5-nji orta mekdebiň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Nurmuhammet RAHYMOW,