Ýelden ýüwrük bedewleriň ýaryşy

13 Maý 2024
237

Ýurdumyzda dowam edýän ýazky at çapyşyk möwsüminiň Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen nobatdaky tapgyry toý ruhuna beslendi. Döwrebap toplumyň giň aýlawynda guralan ýelden ýyndam bedewleriň ýaryşlary köp sanly janköýerlerde aýratyn täsir galdyrdy. Her aýlawyň başlanýan wagtynda ýaňlanan halk heňleridir hoş owazly aýdym-sazlar şowhunly ýaryşlaryň özboluşly bezegine öwrüldi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýaz paslynyň nurana gününde şatlyga gurşalan at çapyşygy alty tapgyrdan ybarat bolup, oňa üç, dört we uly ýaşar atlaryň 30-dan gowragy gatnaşdyryldy. Daşoguzyň döwlet athanasyna, welaýatyň edara-kärhanalaryna hem-de hususy hojalyklara degişli atlar aýlawlarda özleriniň ýyndamlyklaryny görkezdiler.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.
Beýleki habarlar