Woleýbol ýaryşy

14 Maý 2024
219

Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebinde «Biz Oguz han nesli» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasynyň çäginde geçen ýaryşa etrapdaky umumybilim berýän mekdeplerden toparlar gatnaşdy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşda okuwçy ýaşlar ukyp-başarnygyny görkezdiler. Netijede etrapdaky 25-nji orta mekdebiň topary birinji, 19-njy orta mekdebiň topary ikinji, 2-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Wepa ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar