Tennis kortlarynda

10 Maý 2024
275

Golaýda «Aşgabat» köpugurly stadionynda tennis boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. 14 we 18 ýaşdaky tennisçileriň arasynda guralan ýaryşa ýaş türgenleriň 150-si gatnaşdy.

Netijede gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ilima Guseýnowa ýaş aýratynlyklaryň ikisi boýunça ýeňiş gazandy. Kiçi ýaş toparynyň finalynda ol paýtagtyň 87-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewadan üstün çykdy, uly toparda bolsa iki setiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki çempiony, 50-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aişa Bikbulatowany ýeňdi.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar