Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Garagum — gyzylly hum

Tebigat — durmuşyň ynsana eçilen ajaýyp peşgeşi. Şol bahasyna ýetip bolmajak gözelligi goramak, oňa hyzmat etmek, baýlyklaryna aýawly çemeleşmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýlip bellenilýär we 53-nji maddasynda «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýen ýörelge esasynda ekologiýanyň howpsuzlygyny berjaý etmekligiň her bir adamyň borjudygy nygtalýar. Bular biziň her birimiziň ekologiýa medeniýetine bolan garaýşymyza esaslanýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmek, tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda hem birnäçe kanunlar hereket edýär. Olardan «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ýerasty baýlyklar hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Öri meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 1-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +23... +25° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Altyn güýz täsin tebigat

Ynsanyň gözi daş-töwerege düşüp ugranyndan küýsegi gözellik. Şolar, dogrudanam, adamyň kalbyna diňe bir joşgun, jomartlyk, päkizelik paýlaman, eýsem, durmuşyň ähli ölçeglerine hökman öz täsirini ýetirýän bolmaly. Alymlaryň uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribesi adamyň hüý-häsiýetiniň, ýaşaýyş ýörelgesiniň, ömrüniň onuň dünýä inen topragy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny bireýýäm subut etdi. Köp sanly adamlar güýz paslyny ýylyň iň owadan, täsirli döwri hasaplaýarlar. Bu pasylda ýapraklar saralýar, käsi gyzyl görnüşe girýär. Penjireden bolsa ýagyş damjalary syrygýar. Bu owadan hem ajaýyp görnüş hemişe adamy duýgularyň täsin dünýäsine alyp gidýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 30-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +19... +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Daşky gurşaw we gözellik

«7/24.tm», №48 (79), 29.11.2021. «ERKIN» SEÝILGÄHI

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 29-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Çyksaň, hazynaly sähra!

Garagum sährasy deňi-taýy bolmadyk, asyrlaryň dowamynda ajaýyp sazak, gandym, çerkez tokaýlarynyň asyl nusgasyny üýtgetmän, saklap galan tebigy künjekleriň biridir. Güneşli Diýarymyzyň 80 göterimini tutýan Garagum sährasy müň bir owazly, özboluşly bir ajaýyp simfoniýa diýseň hem ýerlikli bolar. Pasly baharda seýrana çykyp, onuň tükenmez giňişliklerini, agyp-dönüp ýören dowardyr mallaryny, asyrlarboýy tebsiräp ýatan gumuň içinden geçip, birnäçe kilometre gol gerip oturan emeli kölüni, beýikli-pesli alaňlyklaryny gören her bir adam muňa maýyl bolýar. Ýylyň haýsy paslynda seýrana barsaňyz hem Garagum sizi täsin gözelligi bilen garşylar. Jana şypa beriji bu täsin gözellik bahar aýlary ýaşyl dona bürenip, gülälekleriň ajaýyp ülpüldisi, al-ýaşyl gülleriniň hoşboý ysy, saýrak guşlarynyň ýüz müň dürli nagmasy, garagöz ak jerenleri, darsyldap duran tez marallary, keýikleri bilen sizi özüne bendi eder. Bu döwürde al-elwan gülleri, çomujy, ýapragyndan saýawan edinäýmeli yşgyny, enaýyja guşlary we başga-da gözel pursatlary surata alyp, syýahat etmek adamyň göwnüni göterýär. Olar Garagum sähramyzyň bezegidir, görküdir. Gyşyna-da ol gözeldir. Gyş pasly gar ýagansoň, hasam täsin görünýän sazaklaryň, garyň üstündäki jandarlaryň yzlaryny, gyşlamaga gelen

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 29-na bolmagyna garaşylýan

 HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm,   çyglylygy 50 — 70%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 27-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 747 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Salawmaleýkim, Suw aga!..

Suw hakynda ozallar hem köp ýazyldy: romanlar, powestler, poemalar düzüldi, çeperdir dokumental filmler döredildi. Bu mesele häzirki döwürde-de gün tertibinden düşmeýär, geljekde-de şeýle bolar. Sebäbi bu meseläniň diňe bir ilatyň çäkli böleginiň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ykbalyna gönüden-göni täsir edýändigi, suwuň abadan ýaşaýşyň, gülläp ösüşiň baş şertidigi bilen baglydyr. Türkmen halky üçin hem bu baýlygyň belli bahasy ýokdur, gymmaty bimöçberdir. Ýurt tutunyp, mekan eýlän çäginiň aglaba bölegini çöl tutýandygy sebäpli ata-babalarymyz hemişe bol suwy arzuwlap gelipdirler. Olaryň çöllerde gazan guýulary ýöne ýerden «ýyldyz boýly guýular» diýlip atlandyrylmaýar. Dag eteklerinde gazylan kärizler bolsa öz döwrüniň iň bir çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň biri hasaplanypdyr. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan arzuw-umytlary bagtyýarlyk döwrümizde üstünlikli amala aşyryldy. Indi öňki kynçylyklar yzda galdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde obadyr şäherleriň ilaty arassa agyz suwy bilen bolelin üpjün edilýär. Munuň üçin ösen tehnologiýalara, kämil inženerçilik çözgütlerine daýanýan kuwwatly agyz suw desgalary guruldy, suw geçirijiler çekildi. Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek boýu

Parahatçylygyň daşy — ametrin

Özüniň gözelligi we ajaýyp öwüşgini bilen ähli zenanlaryň kalbyna girmäge ukyply gymmat bahaly daşlaryň biri hem ametrindir. Ametriniň iň ýokary hilli görnüşleri diňe Boliwiýada gazylyp alynýanlygy sebäpli, oňa boliwianit hem diýilýär. Ametrin kwars mineralynyň bir görnüşi bolup, özünde sary we melewşe reňkleriň dürli öwüşginlerini saklaýanlygy bilen mälimdir. Bu reňkleriň öwüşginini saklaýan ýeke-täk gymmat bahaly daşdyr. Ametrin daşy täze hünär öwrenýän ýa-da bilimini kämilleşdirýän adamlaryň tumary hasaplanýar, çünki ol öwrenilenleri ýatda saklamaklyga, ünsi jemlemeklige ýardam edýändir. Şeýle-de ametrin öz eýesiniň ruhy deňagramlylygyny üpjün edýär, içki dünýäsine parahatçylyk, ylalaşyk getirýär. Ametriniň melewşe reňki gorkulary we ukusyzlygy ýeňip geçmeklige, ýitirilen mümkinçiliklere akyl ýetirmeklige, durmuşda öz saýlan ýoluňdan ynamly ýöremeklige ýardam edýär.

Daşlar barada gyzykly maglumatlar

Häzirki wagtda 4 müňden gowrak mineral bolup, olaryň köp sanlysy gymmat bahaly daşlara degişlidir. * * *

Haýrana goýýan Bathyz gözelligi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli işleriniň netijesinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak we ondan netijeli peýdalanmak barada birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamakda, bahasyna ýetip bolmajak baýlygy geljekki nesillere ýetirmekde öz mynasyp goşandyňy goşmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Ülkämiziň gözel tebigaty ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Türkmen topragynda her paslyň aýratyn gözelligi bolýar. Esasan-da, ýaz paslynda gül-gülzarlyga bezenýän tebigatyň gözelligini synlanyňda hemmeleriň kalby heýjana gelýär. Ynha, şeýle täsinlikleri, gözellikleri özünde jemleýän «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasydyr. Bathyz belentligi ýer üstüniň keşbiniň dürli-dürlüligi bilen tapawutlanyp, ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Şeýle-de ol ýerlerde haýwanlaryň, dermanlyk ösümlikleriň, gül--gülälekleriň dürli-dürli görnüşleri bar. Şeýle tebigatyň üýtgeşik gözellikleri hem her bir ynsanyň ruhuny baýlaşdyryp, ylhamyny joşa getirýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 26-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 25-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 746 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Gara gyş

«Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly» diýen pähimli sözi öz nesillerine miras galdyran pederlerimiziň mamladygyna şu ýyl ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Akrap döwründe ýurdumyzyň köp ýerlerinde howa gijelerine sowap, gök ekinlere öz täsirini ýetirdi. «Akrapda urmasa, ahyrýetde-de urmaz» diýen pähime eýerip ekin ekýän daýhan bu ýyl tebigatyň gazabyny çekmeli boldy. Ine, indi bolsa gara gyş döwri ýetip geldi. Gyş paslynyň maldar üçin synag, daýhan üçin taýýarlyk döwri bolýandygy sebäpli, ata-babalarymyz gyşy dört bölege bölüpdirler: gara gyş, uly çille, kyrk çille we kiçi çille. Gyşyň şeýle böleklere bölünmegi bu paslyň birnäçe häsiýetleri bilen baglanyşyklydyr. Gara gyş gyşyň ilkinji on bäş gününi öz içine almak bilen, 22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Ata-babalarymyzyň bu döwri gara gyş diýip atlandyrmagynyň özboluşly sebäbi bar. Şundan çen tutsak, onda gara gyş aňzakly sowuk diýmekdir. Sebäbi güýzüň maýyl, jana ýakymly howasy entek pikir edip ýetişmänkäň, duýdansyz ýagdaýda öz ornuny gara gyşyň çygly, sowuk günlerine berýär. Altyn güýzüň mylaýym howasynyň eşretinden ganyp ýörkäň, birden başlan sowuk we çygly howa öwrenişäýmek kyn bolýar. Bu ýyl sowuk howanyň ýurdumyza adaty ýyllardakydan irräk aral

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 24-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Zeminiň bezegi – tebigatyň zynaty gögerçin

Ümür basan çyplak sähraň üstünden Gögerçinler çapak çalyp geçdiler.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 23-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Daglara gar ýagdy

Altyn güýzüň soňky aýy tamamlanyp barýar. Diýmek, gyş gapyny kakýar. Munuň şeýledigine howanyň sowap, ygalyň köp ýagyp başlamagy hem şaýatlyk edýär. Golaýda bolsa gojaman Köýtendagda we onuň eteklerinde gar ýagdy. Milli senenamamyza laýyklykda 22-nji noýabrda akrap döwri tamamlanyp, gara gyş döwri başlandy. Gara gyş 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Bu döwürde oba adamlary ekinleriniň hasylyny ýygnap, ýerleri geljek ýylyň ekişine taýýarlamak, ak ekinlere ideg etmek işlerine gerim berýärler. Dowardarlar bolsa mallary gyşlatmaga girişýärler.