Haýrana goýýan Bathyz gözelligi

26 Noýabr 2021
1446

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli işleriniň netijesinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak we ondan netijeli peýdalanmak barada birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamakda, bahasyna ýetip bolmajak baýlygy geljekki nesillere ýetirmekde öz mynasyp goşandyňy goşmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr.

Ülkämiziň gözel tebigaty ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Türkmen topragynda her paslyň aýratyn gözelligi bolýar. Esasan-da, ýaz paslynda gül-gülzarlyga bezenýän tebigatyň gözelligini synlanyňda hemmeleriň kalby heýjana gelýär. Ynha, şeýle täsinlikleri, gözellikleri özünde jemleýän «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasydyr. Bathyz belentligi ýer üstüniň keşbiniň dürli-dürlüligi bilen tapawutlanyp, ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Şeýle-de ol ýerlerde haýwanlaryň, dermanlyk ösümlikleriň, gül--gülälekleriň dürli-dürli görnüşleri bar. Şeýle tebigatyň üýtgeşik gözellikleri hem her bir ynsanyň ruhuny baýlaşdyryp, ylhamyny joşa getirýär.