Daglara gar ýagdy

22 Noýabr 2021
1248

Altyn güýzüň soňky aýy tamamlanyp barýar. Diýmek, gyş gapyny kakýar. Munuň şeýledigine howanyň sowap, ygalyň köp ýagyp başlamagy hem şaýatlyk edýär. Golaýda bolsa gojaman Köýtendagda we onuň eteklerinde gar ýagdy.

Milli senenamamyza laýyklykda 22-nji noýabrda akrap döwri tamamlanyp, gara gyş döwri başlandy. Gara gyş 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Bu döwürde oba adamlary ekinleriniň hasylyny ýygnap, ýerleri geljek ýylyň ekişine taýýarlamak, ak ekinlere ideg etmek işlerine gerim berýärler. Dowardarlar bolsa mallary gyşlatmaga girişýärler.

Mämmet GYLYJOW.