Çyksaň, hazynaly sähra!

28 Noýabr 2021
1215

Garagum sährasy deňi-taýy bolmadyk, asyrlaryň dowamynda ajaýyp sazak, gandym, çerkez tokaýlarynyň asyl nusgasyny üýtgetmän, saklap galan tebigy künjekleriň biridir. Güneşli Diýarymyzyň 80 göterimini tutýan Garagum sährasy müň bir owazly, özboluşly bir ajaýyp simfoniýa diýseň hem ýerlikli bolar. Pasly baharda seýrana çykyp, onuň tükenmez giňişliklerini, agyp-dönüp ýören dowardyr mallaryny, asyrlarboýy tebsiräp ýatan gumuň içinden geçip, birnäçe kilometre gol gerip oturan emeli kölüni, beýikli-pesli alaňlyklaryny gören her bir adam muňa maýyl bolýar.

Ýylyň haýsy paslynda seýrana barsaňyz hem Garagum sizi täsin gözelligi bilen garşylar. Jana şypa beriji bu täsin gözellik bahar aýlary ýaşyl dona bürenip, gülälekleriň ajaýyp ülpüldisi, al-ýaşyl gülleriniň hoşboý ysy, saýrak guşlarynyň ýüz müň dürli nagmasy, garagöz ak jerenleri, darsyldap duran tez marallary, keýikleri bilen sizi özüne bendi eder. Bu döwürde al-elwan gülleri, çomujy, ýapragyndan saýawan edinäýmeli yşgyny, enaýyja guşlary we başga-da gözel pursatlary surata alyp, syýahat etmek adamyň göwnüni göterýär. Olar Garagum sähramyzyň bezegidir, görküdir. Gyşyna-da ol gözeldir. Gyş pasly gar ýagansoň, hasam täsin görünýän sazaklaryň, garyň üstündäki jandarlaryň yzlaryny, gyşlamaga gelen suw guşlaryny synlamak adamyň döredijilik ylhamyny joşdurýar.

Oguljeren NURYÝEWA,
«Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy.