Gara gyş

23 Noýabr 2021
1414

«Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly» diýen pähimli sözi öz nesillerine miras galdyran pederlerimiziň mamladygyna şu ýyl ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Akrap döwründe ýurdumyzyň köp ýerlerinde howa gijelerine sowap, gök ekinlere öz täsirini ýetirdi. «Akrapda urmasa, ahyrýetde-de urmaz» diýen pähime eýerip ekin ekýän daýhan bu ýyl tebigatyň gazabyny çekmeli boldy. Ine, indi bolsa gara gyş döwri ýetip geldi. Gyş paslynyň maldar üçin synag, daýhan üçin taýýarlyk döwri bolýandygy sebäpli, ata-babalarymyz gyşy dört bölege bölüpdirler: gara gyş, uly çille, kyrk çille we kiçi çille. Gyşyň şeýle böleklere bölünmegi bu paslyň birnäçe häsiýetleri bilen baglanyşyklydyr.

Gara gyş gyşyň ilkinji on bäş gününi öz içine almak bilen, 22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Ata-babalarymyzyň bu döwri gara gyş diýip atlandyrmagynyň özboluşly sebäbi bar. Şundan çen tutsak, onda gara gyş aňzakly sowuk diýmekdir. Sebäbi güýzüň maýyl, jana ýakymly howasy entek pikir edip ýetişmänkäň, duýdansyz ýagdaýda öz ornuny gara gyşyň çygly, sowuk günlerine berýär. Altyn güýzüň mylaýym howasynyň eşretinden ganyp ýörkäň, birden başlan sowuk we çygly howa öwrenişäýmek kyn bolýar. Bu ýyl sowuk howanyň ýurdumyza adaty ýyllardakydan irräk aralaşmagy bilen, güýz pasly entek doly tamamlanmanka, öz ornuny gyşa bermeli boldy. Dogrusy, bu ýagdaýy biz tebigatdaky birnäçe jandarlaryň hereketinden, baglaryňdyr ösümlikleriň reňkinden we ýapraklaryny döküşinden hem bilýäris. Synçy ata-babalarymyz bu babatda köp sanly gözegçilik tejribelerini miras galdyrypdyrlar, ýagny durnalar günorta tarapa ir uçup geçseler, şol ýyl gyş ir düşýär we dowamly bolýar. Eger-de olar aram-aram ýerde düşläp, haýal uçup geçse, şol ýyl gyş giç düşýär. Garynjalar hem gyş ir düşjek bolsa, irgözinden hininiň agzyna gum üýşürip başlaýarlar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».