Parahatçylygyň daşy — ametrin

26 Noýabr 2021
1595

Özüniň gözelligi we ajaýyp öwüşgini bilen ähli zenanlaryň kalbyna girmäge ukyply gymmat bahaly daşlaryň biri hem ametrindir. Ametriniň iň ýokary hilli görnüşleri diňe Boliwiýada gazylyp alynýanlygy sebäpli, oňa boliwianit hem diýilýär. Ametrin kwars mineralynyň bir görnüşi bolup, özünde sary we melewşe reňkleriň dürli öwüşginlerini saklaýanlygy bilen mälimdir. Bu reňkleriň öwüşginini saklaýan ýeke-täk gymmat bahaly daşdyr.

Ametrin daşy täze hünär öwrenýän ýa-da bilimini kämilleşdirýän adamlaryň tumary hasaplanýar, çünki ol öwrenilenleri ýatda saklamaklyga, ünsi jemlemeklige ýardam edýändir. Şeýle-de ametrin öz eýesiniň ruhy deňagramlylygyny üpjün edýär, içki dünýäsine parahatçylyk, ylalaşyk getirýär. Ametriniň melewşe reňki gorkulary we ukusyzlygy ýeňip geçmeklige, ýitirilen mümkinçiliklere akyl ýetirmeklige, durmuşda öz saýlan ýoluňdan ynamly ýöremeklige ýardam edýär.

Äşe TÄJIÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdebiň mugallymy.