Salawmaleýkim, Suw aga!..

26 Noýabr 2021
1300

Suw hakynda ozallar hem köp ýazyldy: romanlar, powestler, poemalar düzüldi, çeperdir dokumental filmler döredildi. Bu mesele häzirki döwürde-de gün tertibinden düşmeýär, geljekde-de şeýle bolar. Sebäbi bu meseläniň diňe bir ilatyň çäkli böleginiň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ykbalyna gönüden-göni täsir edýändigi, suwuň abadan ýaşaýşyň, gülläp ösüşiň baş şertidigi bilen baglydyr. Türkmen halky üçin hem bu baýlygyň belli bahasy ýokdur, gymmaty bimöçberdir. Ýurt tutunyp, mekan eýlän çäginiň aglaba bölegini çöl tutýandygy sebäpli ata-babalarymyz hemişe bol suwy arzuwlap gelipdirler. Olaryň çöllerde gazan guýulary ýöne ýerden «ýyldyz boýly guýular» diýlip atlandyrylmaýar. Dag eteklerinde gazylan kärizler bolsa öz döwrüniň iň bir çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň biri hasaplanypdyr.

Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan arzuw-umytlary bagtyýarlyk döwrümizde üstünlikli amala aşyryldy. Indi öňki kynçylyklar yzda galdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde obadyr şäherleriň ilaty arassa agyz suwy bilen bolelin üpjün edilýär. Munuň üçin ösen tehnologiýalara, kämil inženerçilik çözgütlerine daýanýan kuwwatly agyz suw desgalary guruldy, suw geçirijiler çekildi. Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnama häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle çäreler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, saglygynyň goraglylygynyň ygtybarly bolmagyna ýardam edýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
ýörite habarçymyz.