Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Tebigaty goramak borjumyz

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşy üpjün etmäge, daş-töweregi bagy-bossanlyga öwürmäge, gök zolaklary döretmäge aýratyn üns beripdirler. Biz bu hakykata «Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp kitabyň «Tebigat we zähmet» bölüminde ýerleşdirilen «Daýhanyň hazynasy — ýer, suw», «Ýeri eý gör — eklär, maly eý gör — saklar», «Baýlygyň enesi — ýer, atasy — zähmet» ýaly parasatly atalar sözlerini okanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Biziň esasy borjumyz ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda, artdyrmakda mynasyp goşant goşup bilýän kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Tebigat hem durmuş ― bu ikisiniň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy hemmämize mälimdir. Aslynda, bag ekmek, daş-töweregi bagy-bossanlyga büremek, ekologiýa howpsuzlygyny saklamak ýaly asylly däplerimizi dowam etdirmekde Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz ählimize nusga alarlyk görelde görkezýärler. Her ýylyň ýaz hem güýz aýlarynda ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmeklik asylly däbe öwrüldi. Biziň etrabymyzyň ýaşaýjylary hem köpçülikleýin bag oturtmak çärelerine ýylyň-ýylyna işjeň gatnaşýarlar. Şeýle il-ýurt ähmiýetli işlere partiýamyzyň agzybir işgärleri hem işjeň gatnaşyp, tebigatymyzy gözelleşdirmäge

Tebigatyň ajaýyplyklary

TÄZE ADANYŇ BAÝLYGY Öz tebigy baýlyklary bilen dünýä meşhur bolan Hazar deňziniň çäklerinde irili-ownukly adalaryň 50-ä golaýy bar. Olaryň biri-de bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladalary bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagynyň netijesinde dörän, 170 gektara golaý meýdany tutýan emeli adadyr.

Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri

Gara garganyň şol bir adamy islendik eşikde tanamaga ukyby bardyr. *  *  *

Suwuň täsin syrlary

Ýurdumyzda tebigata aýawly göz bilen seretmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik köpdürlüligini gorap saklamak, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda döwletli işler amala aşyrylýar. Janly-jandaryň ýaşaýşy suw bilen. Gülläp ösüş hemişe suw bilen baglanyşyklydyr. Suw özüniň fiziki we himiki düzümleri bilen tapawutlanýar. Alymlar ençeme ýyldan bäri suwuň näme üçin tebigatda üç halda bolýandygyna jogap tapyp bilenoklar. Diňe suw gaty, suwuk we bug görnüşinde bolýar. Suwuň ýene bir aýratynlygy: onuň dykyzlygy pes derejeli (minus) gyzgynlykda giňelýär, ýokary derejede gysylýar. Bilşimiz ýaly, tebigatdaky her bir madda pes gyzgynlykda gysylýar, emma suw welin giňelýär. Suwuň bu häsiýetini gadym döwürlerde ulanypdyrlar. Demirgazykda ýaşaýan halklar gurluşyga gerek daşlary daglardan almak üçin doňaklyk başlamanka, olaryň arasyndaky jaýryklara suw guýupdyrlar. Günortada ýaşaýan halklar bolsa tebigy çig maly (altyny, kümşi, misi we ş.m.) almak üçin sowuk başlandan daşlaryň arasyna agaç kakyp, suw guýupdyrlar. Suwuň bu häsiýetini agaç bölekleriniň arasyndaky damarjyklardaky suw kapillýarlary güýçli basyşy emele getirýär diýip düşündirýärler. Ösüş döwründäki tohumyň suwy birnäçe esse atmosfera bas

Gözellik dünýäsini eçilýän gudrat

Türkmen tebigaty! Sende täsin bir gudrat, gaýtalanmajak gözellik bar. Tutuş adamzat dünýäsi seniň keramatyňa, ajaýyplygyňa haýran. Asmandan inýän ýagyş-ýagmyrlaryň ekinleriň ýakyn hemaýatçysy bolsa, ýerden önýän naz-nygmatlaryň ynsanlaryň göwün hoşy. Gül gujagyňda bitýän her bir kiçijik ösümligiň hem ynsanlara şypa berýär. Türkmen tebigaty! Ynsan seniň bilen sözleşip, içki dünýäsini, syrlaryny paýlaşyp bilýär. Sende bolup geçýän her bir hereketi, alamaty mähribanlyk bilen synlap, kabul edýär. Çünki gözel tebigatymyz özüniň juda owadan keşbi, dürli röwüşdäki hereketleri bilen ynsan ýüregine gözellik çaýýar, ol beýikligi, giňligi bilen özüne bendi edýän täsinlikdir. Bu mukaddeslikler bimöçberdir, soňsuzdyr, tükeniksizdir.

Ynsanlara ylham hem melhem berýän gözellik

Türkmen tebigatynyň ajaýyplyklary — gözelligiň gözlegindäki göwünleriň ylhamy, müň bir derdiň melhemi. Göreniň gözlerini özüne kökerdýän tebigatymyzyň görküne görk goşýan ösümlikleriň birnäçesiniň dermanlyk häsiýete eýe bolmagy «Türkmen topragy — Allanyň nazar salan topragy» diýilmeginiň sebäbini delillendirýär. Hut şoňa görä-de, ynsanlaryň ylham hem melhem çeşmesi bolan türkmen tebigatynyň gözelligini aýawly saklamak, ony geljek nesillerimize ýetirmek, şeýle-de ösümlikleriň dermanlyk häsiýetini açyp görkezmek Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hemmämize mälim bolşy ýaly, umumadamzadyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolan ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Şoňa laýyklykda hem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy konwensiýalary tassyklanylyp, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýäniň Ekologiýa Gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň köp sanlysy amala aşyrylýar.

Balahana

ýa-da dagyň ýokarsyndaky dagjagaz Biziň welaýatymyz arheologik we taryhy ýadygärliklere örän baýdyr. Uly Balkan dagynda, Köýtendagda we Köpetdagda adamlaryň daş eýýamynda ýaşan gowaklarynyň birnäçesiniň tapylmagy türkmenleriň has gadymy halkdygyny tassyklaýar. Russiýaly alym L.B.Wisnýaskiý «Türkmenistanda daş asyryna degişli ýadygärlikler» diýen ylmy işinde: «Magdanly — Köýtendag sebitlerinde daş asyryna degişli tapyndylar 1984-nji ýylda tapyldy. Bu ýerde gadymy tapyndylaryň mesgeni — Magdanly şäheriniň ýanyndaky Balahana we Köýtendagdaky Bulakdere hem Haşymoýuk gowagydyr» diýip ýazýar. Bu ýerdäki tapyndylaryň arheologik ýaşy mustar döwri bilen baglanyşdyrylýar, ýöne olaryň geologik ýaşy heniz doly anyklanylmandyr. Tapyndylaryň arasynda pyşdyl şekilli we ýassy daş gurallary, şeýle hem ikinji gezek işlenilen gurallaryň ençemesi bar. Bu daş gurallaryň käbiri etrabyň merkezindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýar.

Tebigatyň gözelligi — ylham çeşmämiz

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda ylmy-barlag işleri çuňlaşdyrylyp alnyp barylýar. Goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak hem-de goramak işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Ýabany haýwanlary, şol sanda tokaý sugunyny ylmy taýdan öwrenmek, olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça işlere hem uly üns berilýär. Biz goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow bilen guran söhbetdeşligimizde oňa birnäçe sowallar bilen ýüz tutduk. — Goraghanaňyzyň çäklerinde ýaşaýan Amyderýa sülgüni barada gürrüň beräýseňiz?

Hoz agajy

Hoz agajy boýy 20-25 metre çenli ýetýän, bir ýa-da köp sütüni emele getirýän agaçdyr. Bu agaçlar deňiz derejesinden 900-1500 metr belentlikde ösýärler. Gülleri ýeliň kömegi bilen tozanlanýar. Hozuň miweleri ululygy, şekili, tagamy, gabygynyň galyňlygy, maňzynyň bollugy bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Hoz agajy çüýrüntgä baý, ýumşak, çygly topraklarda bitýär. 4 metr çuňluklara çenli aralaşýan we 20 metre deňiç gapdallygyna ösýän köküniň hasabyna bu agaç guraksy döwürleri kynçylyksyz geçirýär. Köýtendagyň daglyk obalarynda halk lukmançylygynda hoz agajynyň bişmedik miweleri we ondan alnan dermanlyk şire gyzylödegiň geçmez keselinde ulanylýar. Mundan başga-da hozuň içindäki perdejikleri we maňzy süýt bilen garylyp, aýratyn içgi taýýarlanylýar. Hozuň maňzy azyklyk üçin ter we guradylan görnüşlerinde peýdalanylýar.

Türkmen selmelegi

Ýurdumyzyň tebigat dünýäsi özboluşlydyr. Günorta-Günbatar Köpetdag ösümliklere örän baýdyr. Olaryň biri-de türkmen selmelegidir. Bu ösümligiň dünýäde bäş görnüşi bolup, ýurdumyzda bir görnüşi duş gelýär. Türkmen selmelegi dag derman ösümligi bolup, ol toýunly, oňat çyglaşan mele topraklarda, çagylly we daşly günorta eňňitlerde, agaçdyr gyrymsy agaçlaryň arasynda, garatikenleriň jeňňelliklerinde ösüp boý almagy halaýar. Boýy 20-40 santimetre çenli ýetýär. 

Etrekde zeýtun bar...

Her gezek baýdagymyzdaky ajaýyp haly göllerimiziň aşagyndaky, BMG-niň nyşanyndan alnan zeýtun ýaprakly şahajyklary synlanymda, bu ösümligiň öz mukaddes topragymyzda-da bitýändigi baradaky buýsançly duýgulara berilýärin. «Türkmen sowet ensiklopediýasynyň» 3-nji jildinde zeýtun bilen bagly birgiden maglumat berlipdir. Aslynda, ylmy çeşmelerde zeýtunlar maşgalasy iki ülüşlilere degişli bolup, agaç hem-de gyrymsy agaç şekilli ösümlikler hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýaprakýanlary ýönekeý ýa-da ýelek şekilli çylşyrymly bolup, garşylykly ýa-da gezekleýin ýerleşýärler. Gülokarasy örän maýda we dört dişli. Gültäji bitewi we dört dişli, käbiriniň gülýany (gülokarasy we gültäji) bolmaýar. Tyçinkasy iki miwesi şänikli, iýmiş şekilli, gozajyk görnüşinde bolýar. Zeýtunlar maşgalasynyň 30 urugy, 600 görnüşi bolup, Türkmenistanda bu maşgalanyň 7 urugyna degişli 11 görnüşi ýaýrandyr. Miwesinden zeýtun ýagy alynýar. Bişmedik şäniginiň gabygynda 5 göterime, maňzynda 12 göterime çenli ýag bolýar. Hemişe gök öwsüp oturan agaç bolup, beýikligi 4 — 12 metre ýetýär. Zeýtunyň güljagazlary owunjak, agymtyl, miwesi etlek we şänikli bolýar. Her düýbi möwsümde 20 — 40 kilogram hasyl berýär. Zeýtun Afrikada, Ýaponiýada we başga-da birnäçe ýurtl

Serhet çäkleriniň täsinlikleri

Sahawatly türkmen topragynyň asty hem hazyna, üsti hem. Diýarymyza syýahat etseň, ata-babalarymyzdan miras galan, at-owazasy dünýä ýaýran taryhy ýadygärliklere, görlüp-eşidilmedik täsinliklere, çeşmelere, seýrek duş gelýän janly-jandarlara, ösümliklere, daglara siňip giden şekillere gabat gelýärsiň. Olar hakynda taryhçylarymyzdan, ýerli ýaşaýjylardan täsin maglumatlary, rowaýatlary, hekaýatlary eşidip, şu mukaddes toprakda ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Halkymyzyň şöhratly geçmişinden söz açýan şol täsin ýerler hakynda gyzykly maglumatlary toplap, ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik. Aýdere

Altyn güýz we täsin tebigat

Ynsanyň ýaradylyşy örän täsin. Gözi gara düşüp ugrandan küýsegi owadanlyk hem-de gözellik bolýar. Şolar ynsanyň kalbyna diňe joşgun bermän, eýsem, ýaşaýyş-durmuşyna öz täsirini ýetirýän bolmaly. Köp adamlar güýz paslyny ýylyň iň owadan döwri hasaplaýarlar. Bu pasylda ýapraklar saralýar we gyzyl görnüşe geçýär. Ýagyş ýagýar. Bu owadan hem ajaýyp görnüş adamy täsin duýgular dünýäsine alyp gidýär. Amyderýanyň iki ýakasyna syn etseň, güýzüň gelenini görmek bolýar.

Türkmenistan — bagy-bossan

GÜÝZKI BAG EKMEK MÖWSÜMINE TAÝÝARLANYLÝAR Welaýat Tokaý hojalygynyň işgärleri ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Kärhanada miweli, saýaly, pürli agaçlaryň, üzümiň, tuduň, bezeg gülleriniň onlarça görnüşini köpeltmek işi alnyp barylýar. Tokaý hojalygynyň işgärleri agaç nahallaryny oturtmagyň her ýyldaky ýazky we güýzki möwsümine köp mukdarda agaç nahallaryny ýetişdirip, edara-kärhanalara, daýhan birleşiklerine, şahsy hojalyklara ugradýarlar.

Hazar — tebigatyň täsin künjegi

Hazar deňziniň kenar ýakasynda ýerleşýän Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň döredilenine 90 ýyl doldy. Goraghana häzir üç bölümden: Esenguly we Hazar meýdançalaryndan hem-de Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasyndan ybaratdyr. Goraghananyň iň uly bölegi Hazar meýdançasydyr. Ol ýalpak suwly Türkmenbaşy, Balkan, Mihaýlowsk, Demirgazyk Çeleken aýlaglaryny hem-de olaryň daşyny gurşap alýan bir kilometrlik gorag zolagyny öz içine alýar. Bu meýdançanyň 72 göterime golaý ýerini suw giňişlikleri eýeleýär. Guşlaryň dürli görnüşleri Hazaryň türkmen suwlaryna süri-süri bolup gelýärler. Ir göçüp gelýän guşlar biraz dynç alyp, güýç-kuwwata gelenlerinden soň, günorta ýurtlara tarap ýollaryny dowam etdirýärler. Giç gelýän guşlar bolsa bu ýerde gyşlamak üçin saklanyp galýarlar. Ýalpak suwly deňiz giňişliklerinde gyşlan guşlar mart-aprel aýlarynda ýene-de demirgazyk tarapa uçup gidýärler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen guşlaryň 70 göterimden gowragy Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda duş gelýärler.

Gandeper

Gandeper gurakçylyga örän çydamly, köp ýyllyk ösümlikdir. Ol her ýyl ir ýaz aýlary kök baldaklaryndan gögerip çykýar we mart aýynyň soňky ongünlüginde gülläp başlaýar. Gülleýiş döwri iýun aýynyň birinji ongünlügine çenli dowam edýär. Tomsuň ortaky aýynda miweleýär. Tozanlanyş geçeninden soň, tohum torbajyklarynda tohumy bişip ýetişýär hem-de torbajyklar ýarylyp, tohumlar ýere gaçýar. Bu täsin hem dermanlyk ähmiýeti bolan ösümlik Kiçi we Uly Balkan daglarynda, Köpetdagda, Köýtendagda ownuk daşly gaýalaryň üstünde ösýär. Tebigy şertlerde gandeperiň boýy 40 santimetre çenli ýetýär. Bu dag ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri barada hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin maglumat berilýär.

Togdary

Günorta-Günbatar Köpetdagda guşlaryň 276 görnüşi gabat gelýär. Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň 160 görnüşi höwürtgeleýär. Şolaryň 11-si Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Şol guşlaryň biri-de togdarydyr. Bu guşlar höwürtgelerini çöllükde, Gaplaňgyrda, Sarygamyş çöketliginde we Garagumuň käbir ýerlerinde gurýarlar. Uçup geçýän hem-de gyşlaýan guşlar Köpetdagyň we Bathyzyň dag etegi düzlüginde gabat gelýärler. Ýurdumyzyň daşynda Merkezi Aziýanyň beýleki böleklerinde hem duşýarlar. Eýranda, Owganystanda, Demirgazyk Afrikada, Arabystanda, Pakistanda, Mongoliýada, Hytaýda duş gelýärler. Togdary hem toklutaý ýaly ýitip barýan, berk goramak we dikeltmek üçin ýörite çäreleriň bellenmegine degişli guşlaryň biridir. Welaýatymyzda bu guşa Etrek derýasynyň eteklerinde gyş döwründe duş gelmek bolýar. Ol göwresiniň gurluşy we daşky keşbi boýunça toklutaýa meňzeşdir, ýöne ondan kiçidir. Togdarynyň agramy 1,1-2,4 kilogram aralygynda bolýar. Horazynyň boýy 70-80 santimetre, mäkiýanynyňky bolsa 40 santimetre golaýdyr. Ganatynyň uzynlygy 34,5-42,5 santimetre ýetýär. Ol toklutaýdan boýnundaky uzyn tüýi arkaly tapawutlanýar. Topraga meňzeş, çalymtyl, aga golaý ýeleginiň reňki ony görmekligi kynlaşdyrýar. Bu guşlar gaty ylgap, tizligini s

Tebigaty goramak möhüm wezipedir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty söýmek, onuň baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak, olary gorap saklamak we köpeltmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Tebigatyň eçilen gymmatlyklaryny rejeli ulanmak bilen baglanyşykly meseläni çözmek üçin, ony ylmy-amaly taýdan seljermek zerurlygy ýüze çykýar. Tebigy baýlyklary gorap saklamaklyk goraghanalary ýa-da çäkli goraghanalary, milli seýilgähleri döretmek arkaly amala aşyrylýar. Döwlet goraghanasy diýlip yglan edilýän ýer adamyň hojalyk işiniň täsirinden üýtgemedik, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý, olaryň deňagramlylyk ýagdaýyny saklamakda möhüm ähmiýetli bolmalydyr. Döwlet goraghanalarynda adamyň hojalyk işi gadagan edilendir. Goraghanalaryň garamagynda ýa-da özbaşdak görnüşde çäkli goraghanalar hem döredilýär. Çäkli goraghanalarda adamyň hojalyk işiniň belli bir bölegini (odun taýýarlamak, ot ýatyrmak, mal bakmak) geçirmeklige rugsat berilýär. Olaryň çäklerinde gorag işiniň doly ýa-da bölekleýin, belli bir döwürde alnyp barylmagyna mümkinçilik döredilýär.

Ösümlikleriň täsin dünýäsi

Dünýädäki iň gadymy ösümlik deňiz suwotulary hasaplanylýar. *  *  *

Aýrybabanyň täsinligi

Garaşsyz Diýarymyzyň günorta-gündogarynda ýerleşýän, Pamir-Alaý dag ulgamynyň Gissar gerşiniň bir şahasy hasaplanýan Köýtendag täsin tebigatly ýerleriň biridir. Bu ýerde ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek we endemik görnüşleri saklanyp galypdyr. Bu daglaryň arça tokaýlyklarynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine girizilen burma şahly teke, dag goçy we geçigaplaň duşýar. Merkezi Aziýada gowaklarda ýaşaýan balyklaryň görnüşiniň biri bolan endemik görnüşli köýten kör balygy hem bu dag gowaklarynyň içindäki köllerde ýaşaýar. Ösümlikleriň hem 1000-e golaý görnüşi bolup, olaryň 40-a golaýy endemikdir. Umuman, Köýtendagyň biodürlüligi baý we täsindir. Bu täsinlikleriň ählisi diýen ýaly 1986-njy ýylda döredilen «Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde goralyp saklanýar. Köýtendagyň ýene bir aýratynlygy, gyzykly we syrly rowaýatlar bilen beslenen keramatly ýerleriň, ýagny halk goraghanalarynyň örän köp bolmagydyr. Bulara mysal edip, Arnap tokaýjygyny, Gaýnarbaba çeşmesini, Mürzebedil ata çeşmesini, Başbulak çeşmesini, Hojagarawul jülgesini görkezmek bolar. Şeýle ýerleriň biri hem diňe Köýtendagyň däl, eýsem, Türkmenistanyň hem iň beýik nokady hasaplanýan, beýikligi deňiz derejesinden 3139 metr bolan Aýrybaba belen