Aýrybabanyň täsinligi

5 Oktýabr 2022
1329

Garaşsyz Diýarymyzyň günorta-gündogarynda ýerleşýän, Pamir-Alaý dag ulgamynyň Gissar gerşiniň bir şahasy hasaplanýan Köýtendag täsin tebigatly ýerleriň biridir. Bu ýerde ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek we endemik görnüşleri saklanyp galypdyr. Bu daglaryň arça tokaýlyklarynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine girizilen burma şahly teke, dag goçy we geçigaplaň duşýar. Merkezi Aziýada gowaklarda ýaşaýan balyklaryň görnüşiniň biri bolan endemik görnüşli köýten kör balygy hem bu dag gowaklarynyň içindäki köllerde ýaşaýar. Ösümlikleriň hem 1000-e golaý görnüşi bolup, olaryň 40-a golaýy endemikdir. Umuman, Köýtendagyň biodürlüligi baý we täsindir. Bu täsinlikleriň ählisi diýen ýaly 1986-njy ýylda döredilen «Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde goralyp saklanýar.

Köýtendagyň ýene bir aýratynlygy, gyzykly we syrly rowaýatlar bilen beslenen keramatly ýerleriň, ýagny halk goraghanalarynyň örän köp bolmagydyr. Bulara mysal edip, Arnap tokaýjygyny, Gaýnarbaba çeşmesini, Mürzebedil ata çeşmesini, Başbulak çeşmesini, Hojagarawul jülgesini görkezmek bolar. Şeýle ýerleriň biri hem diňe Köýtendagyň däl, eýsem, Türkmenistanyň hem iň beýik nokady hasaplanýan, beýikligi deňiz derejesinden 3139 metr bolan Aýrybaba belentligidir. Depesi gyş-ýaz aýlary ak gar bilen örtülen bu beýiklik ýüzlerçe kilometrden gözüňe ilýär. Belli bolşy ýaly, Gimalaý daglarynda we beýleki beýik daglyklaryň köpüsinde dagyň çür depesi keramatly ýer hasaplanýar, Hindistandaky Kaýlas daglary muňa aýdyň mysal bolup biler. Edil şonuň ýaly, Aýrybaba hem keramatly ýer hasaplanyp, ýerli ilat tarapyndan aýratyn sarpalanýar.

Şaniýaz MEŇLIÝEW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Köýtendag tebigy döwlet goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy.