Gözellik dünýäsini eçilýän gudrat

25 Oktýabr 2022
903

Türkmen tebigaty! Sende täsin bir gudrat, gaýtalanmajak gözellik bar. Tutuş adamzat dünýäsi seniň keramatyňa, ajaýyplygyňa haýran. Asmandan inýän ýagyş-ýagmyrlaryň ekinleriň ýakyn hemaýatçysy bolsa, ýerden önýän naz-nygmatlaryň ynsanlaryň göwün hoşy. Gül gujagyňda bitýän her bir kiçijik ösümligiň hem ynsanlara şypa berýär.

Türkmen tebigaty! Ynsan seniň bilen sözleşip, içki dünýäsini, syrlaryny paýlaşyp bilýär. Sende bolup geçýän her bir hereketi, alamaty mähribanlyk bilen synlap, kabul edýär. Çünki gözel tebigatymyz özüniň juda owadan keşbi, dürli röwüşdäki hereketleri bilen ynsan ýüregine gözellik çaýýar, ol beýikligi, giňligi bilen özüne bendi edýän täsinlikdir. Bu mukaddeslikler bimöçberdir, soňsuzdyr, tükeniksizdir.

Ýazgül UDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.