Balahana

19 Oktýabr 2022
958

ýa-da dagyň ýokarsyndaky dagjagaz

Biziň welaýatymyz arheologik we taryhy ýadygärliklere örän baýdyr. Uly Balkan dagynda, Köýtendagda we Köpetdagda adamlaryň daş eýýamynda ýaşan gowaklarynyň birnäçesiniň tapylmagy türkmenleriň has gadymy halkdygyny tassyklaýar. Russiýaly alym L.B.Wisnýaskiý «Türkmenistanda daş asyryna degişli ýadygärlikler» diýen ylmy işinde: «Magdanly — Köýtendag sebitlerinde daş asyryna degişli tapyndylar 1984-nji ýylda tapyldy. Bu ýerde gadymy tapyndylaryň mesgeni — Magdanly şäheriniň ýanyndaky Balahana we Köýtendagdaky Bulakdere hem Haşymoýuk gowagydyr» diýip ýazýar. Bu ýerdäki tapyndylaryň arheologik ýaşy mustar döwri bilen baglanyşdyrylýar, ýöne olaryň geologik ýaşy heniz doly anyklanylmandyr. Tapyndylaryň arasynda pyşdyl şekilli we ýassy daş gurallary, şeýle hem ikinji gezek işlenilen gurallaryň ençemesi bar. Bu daş gurallaryň käbiri etrabyň merkezindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýar.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, mirasgär.