Gandeper

12 Oktýabr 2022
1294

Gandeper gurakçylyga örän çydamly, köp ýyllyk ösümlikdir. Ol her ýyl ir ýaz aýlary kök baldaklaryndan gögerip çykýar we mart aýynyň soňky ongünlüginde gülläp başlaýar. Gülleýiş döwri iýun aýynyň birinji ongünlügine çenli dowam edýär. Tomsuň ortaky aýynda miweleýär. Tozanlanyş geçeninden soň, tohum torbajyklarynda tohumy bişip ýetişýär hem-de torbajyklar ýarylyp, tohumlar ýere gaçýar.

Bu täsin hem dermanlyk ähmiýeti bolan ösümlik Kiçi we Uly Balkan daglarynda, Köpetdagda, Köýtendagda ownuk daşly gaýalaryň üstünde ösýär. Tebigy şertlerde gandeperiň boýy 40 santimetre çenli ýetýär. Bu dag ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri barada hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin maglumat berilýär.