Türkmen selmelegi

19 Oktýabr 2022
958

Ýurdumyzyň tebigat dünýäsi özboluşlydyr. Günorta-Günbatar Köpetdag ösümliklere örän baýdyr. Olaryň biri-de türkmen selmelegidir. Bu ösümligiň dünýäde bäş görnüşi bolup, ýurdumyzda bir görnüşi duş gelýär.

Türkmen selmelegi dag derman ösümligi bolup, ol toýunly, oňat çyglaşan mele topraklarda, çagylly we daşly günorta eňňitlerde, agaçdyr gyrymsy agaçlaryň arasynda, garatikenleriň jeňňelliklerinde ösüp boý almagy halaýar. Boýy 20-40 santimetre çenli ýetýär. 

Ýomudaly ÝOMUDOW,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.