Hazar — tebigatyň täsin künjegi

12 Oktýabr 2022
1064

Hazar deňziniň kenar ýakasynda ýerleşýän Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň döredilenine 90 ýyl doldy. Goraghana häzir üç bölümden: Esenguly we Hazar meýdançalaryndan hem-de Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasyndan ybaratdyr.

Goraghananyň iň uly bölegi Hazar meýdançasydyr. Ol ýalpak suwly Türkmenbaşy, Balkan, Mihaýlowsk, Demirgazyk Çeleken aýlaglaryny hem-de olaryň daşyny gurşap alýan bir kilometrlik gorag zolagyny öz içine alýar. Bu meýdançanyň 72 göterime golaý ýerini suw giňişlikleri eýeleýär. Guşlaryň dürli görnüşleri Hazaryň türkmen suwlaryna süri-süri bolup gelýärler. Ir göçüp gelýän guşlar biraz dynç alyp, güýç-kuwwata gelenlerinden soň, günorta ýurtlara tarap ýollaryny dowam etdirýärler. Giç gelýän guşlar bolsa bu ýerde gyşlamak üçin saklanyp galýarlar. Ýalpak suwly deňiz giňişliklerinde gyşlan guşlar mart-aprel aýlarynda ýene-de demirgazyk tarapa uçup gidýärler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen guşlaryň 70 göterimden gowragy Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda duş gelýärler.

Arzygül BAÝRAMGULYÝEWA,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň «Tebigat» muzeýiniň müdiri.