Baş maksat — adamlaryň saglygy
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halky aýgytly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almakda, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegi we sagdyn durmuşda ýaşamagy babatynda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. 21-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 29 ýyl dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda geçen ýyllaryň dowamynda içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyşda hem üstünlikli menzillere ýetildi we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler geçirilýär. Maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň bolmagyny şertlendirýär. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge, ömür dowamlylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şu babatda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen bir hatarda