Gelse Nowruz äleme

5 Aprel 2024
624

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda durýan Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Milli bahar baýramy bolan Nowruz türkmeniň ruhy dünýäsinde möhüm orun eýeleýär. Ol ata-babalarymyzyň çuňňur akyl-paýhasyndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda ruhy täzelenişiň ajaýyp nyşanyna öwrülipdir. Nowruz ynsan kalbyna şatlyk, ruhubelentlik duýgularyny we älem-jahana direliş hem täzeleniş bagyş edýär. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bizi täze günüň, täze eýýamyň, täze bagtyýarlygyň ak ýollaryna atarýar. Eziz Watanymyzda bu şanly senäniň — Milli bahar baýramynyň şatlyk-şowhuny giňden dabaralanýar.

Nowruz baýramy türkmen halkynyň milli mirasyna, däbine-dessuryna siňen we döwlet derejesinde öz ornuny alan şanly seneleriň biridir. 2009-njy ýylda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz baýramy» diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.

Beýleki habarlar