Hormatly Prezidentimiziň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň giň okyjylar köpçiligine gowüşmagy tutuş halkymyzy buýsandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyz üçin çuňňur buýsanjyň gözbaşy bolup, biziň ählimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby hormatly Prezidentimiziň geçmişe bolan sarpasydyr, taryhymyza buýsanjydyr. Gahryman Prezidentimiz bu kitabyny ýazmakda mähriban Arkadagymyzyň taryh, geçmiş hakyndaky gürrüňlerinden ugur alandygyny nygtaýar.