«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi öz işine başlady
«EKSPO» Bütindünýä sergisi 1851-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Wagtyň geçmegi bilen, bu sergi Olimpiýa oýunlary, Dünýä çempionatlary bilen deňeşdirilip başlandy. Häzirki wagtda adam durmuşyna ykjam ornaşan tehnikalar, has dogrusy, reňkli telewizorlar, el telefonlar, hatda pomidor goýaltmasy ýaly beýleki gündelik harytlar hem ilkinji gezek «EKSPO» Bütindünýä sergisinde tanyşdyryldy. 1851-nji ýyldan bäri «EKSPO» sergileri London, Sent-Luis, Pariž, Nýu-Ýork, Osaka, Şanhaý ýaly dünýäniň iri şäherlerinde myhmanlary kabul etdiler. Bu ýyl bolsa Dubaý şäheri özüniň özboluşly taryhy geçmişi bilen bu sanawa adyny ýazdyrýar.