"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

Sankt-Peterburg, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Sankt-Peterburgda geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerine garaldy. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek hem-de geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen – gazak dostlugy

«7/24.tm», №52 (83), 28.12.2021. Merkezi Aziýa sebitinde ýerleşýän Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda iki döwletiň döwlet ýolbaşçylarynyň amala aşyrýan saparlarynyň dowamynda gazanylýan ylalaşyklara laýyklykda has-da berkeýändigini we ähli ugurlarda gatnaşyklaryň ösdürilýändigini görmek bolýar. Türkmenistan Gazagystan Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Abdyrahman AHMET OGLY, owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň ýolbaşçysy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy: — Ata Watanymyzda bolup geçýän beýik özgerişler biziň her birimizi çyn ýürekden begendirýär. Her Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda geçilen şöhratly ýollara ser salmak, taryhy wakalara şaýat bolmak bizde ýakymly duýgulary oýarýar. Watandan uzakda ýaşasak-da, ene topraga dahyllylyk bizde beýik buýsanç döredýär.

Türkmenistanyň «Ekspo» tejribesi: Taryh. Şu gün. Geljek

Giň geografik çäkleri gurşap alan koronawirus pandemiýasy saglygy goraýyş ulgamynda bolşy ýaly, halkara gatnaşyklaryň gün tertibine hem düýpli üýtgetmeleri girizdi. Şunda dünýä jemgyýetçiligi bir hakykaty: adamzadyň ösüşiniň diňe bilelikdäki tagallalarda, raýdaşlyk hem jebislik ruhunda jemlenendigini doly ykrar etdi. Şoňa görä-de, tamamlanyp barýan ýylda pandemiýa sebäpli yza süýşürilen ählumumy derejeli iki sany iri çäräniň — Tokioda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegini hem-de Dubaýda «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň guralmagyny adamzadyň umumy öýüniň ähli agzalarynyň bilelikdäki üstünligi hasaplamak bolar. Şeýle ýokary derejeli çärelere gatnaşmaga parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hoşniýetli başlangyç hökmünde garaýan Türkmenistan olaryň ikisine-de işjeň gatnaşyp, öz sözüne ygrarlydygyny anyk hereketlerde ýene bir ýola görkezdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesini giňden dabaralandyran Türkmenistan üçin Günüň dogýan ýurdunda geçirilen nobatdaky tomusky Olimpiada ilkinji Olimpiýa medalyny getirmek bilen, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şu ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýakyn Gündogaryň ösen döwletleriniň biri hasaplanýan Birleşen Arap Emirlikleriniň Duba

Möhüm meseleler — anyk çözgütler

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde brifingler geçirildi IRI HALKARA TASLAMALAR DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

Türkmenistan – Gazagystan Respublikasy: Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz bütin dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Merkezi Aziýa sebitinde ýerleşýän Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar hem soňky ýyllarda täze many-mazmuna beslenýär. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Teswirnama esasynda Gazagystan Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna Gazagystanyň hem goşulandygy, şeýle-de, Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy meselesi hem-de pandemiýa döwründe we ondan soňky döwürde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Kararnamalara awtordaşlyk edýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Hoşniýetli ýollar bagta barýar

Dünýä döwletleri, hususan-da, sebitiň ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli hem-de ösüşleri nazarlaýan daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgeleridir. Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe bolmagy netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraýy barha artýar. Ýurdumyz parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezine öwrülýär. Sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek, özara ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan işleriniň rowaçlanýandygyna 28-nji noýabrda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammitiniň mysalynda hem göz ýetirdik. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriniň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň hem-de geljekki meýilnamalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we ençeme ylalaşyklar gazanyldy. Munuň özi döwletleriň birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryny has-da baýlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň artmagy netijesinde amala aşdy. Bu duşuşyk gurama agza döwletleriň ählisiniň arasynda dostlu

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

22-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna bolan gulluk iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Nýu-Delide «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygynyň çäklerinde dialogyň guramaçylyk düzüminiň ösüş mümkinçiligine, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesi taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi baradaky meselelere garaldy.

Möhüm meselelere bagyşlanan brifing

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna bolan gulluk iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. NýuDelide «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygynyň çäklerinde dialogyň guramaçylyk düzüminiň ösüş mümkinçiligine, ýurtlaryň arasynda söwdaykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesi taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi baradaky meselelere garaldy.

Ze­nan­la­ryň mer­te­be­si be­lent­dir

21-nji de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy san­ly ul­gam ar­ka­ly Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gy­nyň her ýyl ge­çi­ril­ýän mej­li­si­ne gat­naş­dy. Bu çä­rä Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň par­la­ment­le­ri­niň we hö­kü­met­le­ri­niň we­kil­le­ri, BMG-niň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, «BMG — Ze­nan­lar» dü­zü­mi­niň, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ra­ýat jem­gy­ýe­ti eda­ra­la­ry­nyň, arap ze­nan par­la­men­ta­ri­le­ri­niň deň­lik ug­run­da «Ra edat» gu­ra­ma­sy­nyň hem-de Af­ri­ka ze­nan­la­ry­nyň bir­le­şi­gi­niň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri hem gat­naş­dy­lar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň we ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň öňüni almak boýunça daşary ýurt döwletleriniň tejribelerini öwrenmäge bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolabaşçylary we işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Brifingde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda adamlaryň ömrüniň we saglygynyň goraglylygy hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýandygyny we bu ugurda döwletimiziň ähli tagallalary durmuşa geçirýändigini belledi. Bu ugurda biziň ýurdumyzyň geljekde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň has ösdürilmegine we berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlary aýratyn mana eýe bolup durýandyr. 

Daşary işler ministrligindäki brifingler

Aşgabat, 22-nji dekabr (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna bolan gulluk iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Nýu-Delide “Merkezi Aziýa — Hindistan” dialogynyň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygynyň çäklerinde dialogyň guramaçylyk düzüminiň ösüş mümkinçiligine, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesi taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi baradaky meselelere garaldy.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk

20-nji dekabrda paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň giň gerimli hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, ýangyç-energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň çekilmegi arkaly halkara, sebit derejesindäki awtoulag, demir ýol, deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine ähmiýet berildi. Iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisiniň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda netijeli gatnaş

Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär

20-nji dekabrda paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, ýangyç-energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň çekilmegi arkaly halkara we sebit derejesindäki awtoulag, demir ýol, deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine ähmiýet berildi. Taraplar, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup çykyş edýän medeni we ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň, saglygy goraýyş we lukmançylyk ugry boýunça özara hereketleriň ösdürilmeginiň zerurdygyny beýan etdiler. Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.

Halkara gatnaşyklary berkidilýär

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşdy. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň we hökümetleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, “BMG — Zenanlar” düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýat jemgyýeti edaralarynyň, arap zenan parlamentarileriniň deňlik ugrunda “Ra edat” guramasynyň hem-de Afrika zenanlarynyň birleşiginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde dialogyň ilkinji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de bu guramany ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine we 2022-nji ýyldaky işleriniň meýilnamalaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça merkezler guruldy, enäniň we çag

Pagta arassalaýjy kärhanada

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere, täze ösüşlere eýe bolnup, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan ýokary netijeler hem muňa mysaldyr. Ata Watanymyzda senagat kärhanalarynyň işiniň güýçli depginler bilen öňe gitmeginde ýurdumyzda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalaryň goşandy uludyr. Bu kärhanalar daýhanlardan kabul edilen “ak altyny” süýüm edip taýýarlaýar. Şeýle pagta arassalaýjy kärhanalaryň biri hem Tagtabazar etrabynyň pagta arassalaýjy zawodydyr. Kärhana guramaçy, işbaşarjaň ýolbaşçy Şatlyk Gurbannazarow başlyklyk edýär. Zawodyň daş-töweregi döwrebaplaşdyrylyp, bu ýerde işler guramaçylykly barýar. Pagta arassalaýjy zawodyň işgärleri ýerine ýetirýän işlerine oňat düşünýärler. Zawodda enjamlar bökdençsiz, saz hem gurat işledilýär we çig mal bolan gymmatly pagtamyz tehniki enjamlarda tüýdülip, çigitleri aýratynlykda bölünip saýlanylýar. Şondan soň pagta süýümi belli bir ölçegde kiplenilip, enjamlar arkaly ugradylýar. Soňra kipleriň agramy ölçelip, daşyna agramy ýazylýar. Şeýle iş günüň dowamynda togtadylman hereketde bolýar.

Dostlugyň mekany

Kosmonawtlar älem giňişliginden Ýer ýüzüne seredenlerinde onuň örän özboluşly görnüşdedigini nygtaýarlar. Goja heňňamyň özi kimin goja Zemin külli adamzadyň umumy öýi. Şol öýüň abadanlygyny saklamak, asudalygyny üpjün etmek bolsa biziň hemmämize bagly. Zemindäki ähli zatlar biri-biri bilen berk baglanyşykly, özara sazlaşykda. Öz maşgalaňda parahat durmuşyň höküm sürmegine, abadan ýaşaýşyň bolmagyna duldegşir goňşyň hem täsiri uly. Şonuň üçin-de pederlerimiziň: «Öz öýüňdäki asudalyk goňşyň öýündäki asudalykdan başlanýar» diýen paýhasly pähimi asyrlar aşyp, biziň neslimize gelip ýetipdir. Türkmenistan bolsa bu günki gün parahatçylyk ýoly bilen öňe gidip, barha belent sepgitlere ýetmek bilen birlikde bütin dünýäde hem parahat, asuda durmuşyň höküm sürýän döwleti hökmünde özüni tanatdy. Mundan 26 ýyl ozal, has takygy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi netijesinde dünýäniň iň bir abraýly halkara guramasy hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Kararnamanyň kabul edilmegi türkmeniň täze taryhyndaky şanly wakalaryň birine öwrüldi. Şeýle ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi türkmeniň ynsanperwerliginiň, hoşniýetliliginiň dünýä

Daşary işler ministrligindäki duşuşyk

21.12.2021.  Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň çäginde koronawirus we beýleki howply ýokançlaryň döremeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çärelere ýokary baha berildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy

21.12.2021. Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşdy. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň we hökümetleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, “BMG — Zenanlar” düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýat jemgyýeti edaralarynyň, arap zenan parlamentarileriniň deňlik ugrunda “Ra edat” guramasynyň hem-de Afrika zenanlarynyň birleşiginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar.

Daşary işler ministrligindäki duşuşyk

Aşgabat, 21-nji dekabr (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň çäginde koronawirus we beýleki howply ýokançlaryň döremeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çärelere ýokary baha berildi.