«McDonald's» sanly satuwlar bilen girdejisini artdyrýar
Geçen hepde «McDonald's» restoranlar toplumy çärýekleýin hasabatyny çap etdi. Hasabatda görnüşi ýaly, kompaniýanyň girdejisiniň ýene iki esse köpelmegi sanly satuwlar bilen baglanyşyklydyr. Sanly satuwlar «McDonald's»-yň ösüşiniň esasy hereketlendirijisidir. Şol sebäpli kompaniýanyň soňky hasabat çärýegindäki girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 13% ýokarlandy. Kompaniýanyň eltip bermek hyzmatlary indi 100-den gowrak ýurtdaky 33 müň «McDonald's» restoranynda elýeterlidir. Geçen hepdäniň birža söwdalarynda «McDonald's»-yň her bir paýnamasy ABŞ-nyň 258,99 dollaryndan bahalandy.