"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

VI Hazar sammiti: täze başlangyçlar, oňyn teklipler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk derejesine esaslanýan oňyn daşary syýasatymyz dünýä halklary tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Bu günki gün Türkmenistan döwletimiz Ýer ýüzünde dost-doganlygyň mekany hökmünde tanalýar. 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti hem muny aýdyňlygy bilen görkezdi. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, sammitiň barşynda Arkadagly Serdarymyz daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatlaryny yzygiderli geçirmegi teklip etdi. Bu geçiriljek maslahatlaryň maksady bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary babatda pikir alyşmakdan ybarat bolup durýar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz sebitde telekeçiligi ösdürmek, bu ulgamyň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak maksady bilen özbaşdak, döwlete dahylsyz ulgam hökmünde Hazarýaka ýurtlaryň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini, ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmegiň üstünde işlemek dogrusyndaky başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi arkaly sebit telekeçiligini täze derejä çykarmaklyk göz öňüne tutulýar.

Hazarýaka portlar: netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine

III. AZERBAÝJAN Hazaryň Azerbaýjan kenarynda Baku, Alýat, Dýubendi deňiz portlary bar.

ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tejribesi öwrenilýär

Golaýda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça onlaýn maslahat geçirdi. Şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda utgaşykly görnüşde guralan bu maslahata degişli hödürnamany taýýarlamak üçin döredilen işçi toparyň agzalygyna girýän ugurdaş döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. ÝUNESKO-nyň degişli hünärmenleri bolsa oňa onlaýn usulda goşuldylar. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa maslahaty açyp, çärä onlaýn tertipde gatnaşýan BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň aragatnaşyk, şäherler we çäreler bölüminiň başlygy Denis Baksy Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça täze döredilen işçi toparyň agzalary bilen tanyşdyrdy hem-de bu ugurda häzirki wagtda alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada gürrüň berdi.

Täze mümkinçiliklere — giň ýol!

2-nji iýulda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda «Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti: halkara, sebit ähmiýetli gatnaşyklary ösdürmegiň täze mümkinçilikleri» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleridir işjeň agzalary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylym-bilim, saglyk, sport ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen altynjy Hazar sammitine bagyşlanan maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, milli we umumy bähbitleriň sazlaşygy esasynda guralýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Hazar sebitinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

Şu günki gurluşyk — ertirki taryh

Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda, Garabogaz köl aýlagynyň üstünden guruljak köpri hakynda oýlanmalar Bu täzeligi «Watan» habarlar gepleşiginde eşidip, begenjinden gobsunanyň köp bolandygy çyn. Şondan salym geçmänkä, internet sahypalaryny dördüm. Tüweleme, buşluk habarynyň älem içre beýle çalt ýaýraýşyny! Ynha, dürli internet neşirleri Ukrainanyň «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň Hazar deňzindäki Garabogaz köl aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsini gurmak hakynda şertnama gol çekendigini ýazýarlar. Habarlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu Kararynyň durmuşa geçirilmeginiň tutuş Ýewraziýa yklymynda ulag-logistika düzümini döretmegiň juda möhüm bölegi boljakdygy nygtalýar. Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýulynda başlamak we köprini eltiji ýollary doly gurmak bilen, 2024-nji ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak bellenilýär.

Türkmenistanyň ulag logistikasy halkara hyzmatdaşlygynda

Altynjy Hazar sammitinde hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagyň hakykatdan daşda däldigini nygtady. Biz hem Türkmenisanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew bilen Hazar sebitini harytlaryň we hyzmatlaryň halkara akymlary üçin oňaýly giňişlige öwürmek ugrunda netijeli logistika ulgamyny kemala getirmek babatdaky mümkinçilikler barada söhbetdeş bolduk.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi

1-nji iýulda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň döredilmegi barada hasabat berildi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Atdaýew 1-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işleriň Meýilnamasy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler hem-de düzümler bilen bilelikde işleriň alnyp barylýandygyny belläp, wise-premýer B.Atdaýew onuň işini halkara we sebit lomaý-bölek söwdasynyň häzirki zaman tejribelerine laýyklykda ýola goýmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň möhüm ugur­la­ry

1-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Fu­at Ok­ta­ýy ka­bul et­di. Ol öz ýur­du­nyň we­ki­li­ýe­ti­ne ýol­baş­çy­lyk edip, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-türk to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da gel­di. Myh­man iki­çäk du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Är­do­ga­nyň gut­lag ha­ty­ny hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze özi üçin amat­ly pur­sat­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na sa­par bi­len gel­mä­ge ibe­ren ça­ky­ly­gy­ny gow­şur­dy.

Halk­la­ryň dost-do­gan­lyk ýörelgeleri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­lar bar­ha ös­dü­ril­ýär. Şol san­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­lar yzy­gi­der­li do­wam et­di­ril­ýär. Biz mu­ňa ýur­du­myz­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­tin­de aý­dyň göz ýe­tir­dik. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň baş­lyk­ly­gyn­da ge­çi­ri­len al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­ti ne­ti­je­li­li­gi bi­len aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Mu­nuň özi Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­tin­de mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ga­za­nyl­dy. Ha­zar deň­zi se­bi­ti bo­ýun­ça goň­şy döw­let­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­ga ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­syn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­myz «Açyk ga­py­lar» hem-de giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, oňyn bi­ta­rap­lyk we beý­le­k

Hal­ka­ra par­la­ment gat­na­şyk­la­ry ös­dü­ril­ýär

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň dün­ýä döw­let­le­ri­niň par­la­ment­le­ri hem-de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ös­dür­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. 2022-nji ýy­lyň 30-njy iýu­ny — 1-nji iýu­ly ara­ly­gyn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ba­ku şä­he­rin­de Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň Par­la­ment to­ru­nyň no­bat­da­ky du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. «Äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de mil­li par­la­ment­le­riň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak» at­ly bu kon­fe­ren­si­ýa Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet hem gat­naş­dy.

Türkmenistan — Türkiýe: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Aşgabat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Türkiýäniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu gezekki mejlisiň geçirilmegine beren ünsi hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, nobatdaky duşuşygyň jemleriniň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dost-doganlyk ýörelgeleri, birek-birege düşünişmek, özara goldaw bermek esasynda yzygiderli we işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Häzirki wagtda köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda ösüşiň ýokary derejesin

Türkmenistan — Türkiýe: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Aşgabat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Türkiýäniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu gezekki mejlisiň geçirilmegine beren ünsi hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, nobatdaky duşuşygyň jemleriniň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dost-doganlyk ýörelgeleri, birek-birege düşünişmek, özara goldaw bermek esasynda yzygiderli we işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Häzirki wagtda köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda ösüşiň ýokary de

Maksatlaryň hem-de bähbitleriň bitewüligi

29-njy iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynda guraldy. Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen paýtagtyna geldiler.

Altynjy Hazar sammitiniň Beýanaty

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi, oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdylar. Prezidentler dostlukly we ynanyşmak ýagdaýynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hazar hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti

Bu gün Watanymyzyň halkara abraýy barha artyp, bütin dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Ine, 29-njy iýunda paýtagtymyzda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen sammite Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagy şeýle ähmiýetli çäreleri geçirmekde uly tejribesi bolan Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki mümkinçilikleriniň ykrar edilýändigini ýene bir ýola aýan etdi. Sammitiň myhmanlarynyň myhmansöýerlik däplerimize laýyklykda garşylanmagy bolsa halkymyzyň milli ýörelgeleriniň ýylsaýyn kämilleşdirilip, nusgalyk derejä ýetendigini görkezýär.

Aşgabat sammiti: Hazar hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

29-njy iýunda paýtagtymyzda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammitine dostluk, ynanyşmak ruhunyň mahsus bolandygyny turuwbaşdan bellemeli. Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary, möhüm halkaradyr sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ýokary derejeli duşuşyk ak şäherimiz Aşgabadyň, asyl-ha, tutuş türkmen topragynyň dünýäniň ykbalyna diňe haýyr işler bilen dahyllydygyny ýene bir gezek görkezdi. Aslynda, Hazarýaka ýurtlaryň tagallalaryny bir akaba gönükdirmek, Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek babatda geçilen uzyn ýoluň ilkinji ädimleri Türkmenistandan başlanypdy. 2002-nji ýylyň baharynda türkmen paýtagty Hazarýaka döwletleriň Baştutanlaryny bir döwrede jemläpdi. Aşgabat sammiti ylalaşygyň we Hazar deňziniň meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamagyň ugurlaryny kesgitlän ilkinji ýokary derejeli duşuşyk hökmünde taryha girdi. Özi-de ol taryha köpasyrlyk hyzmatdaşlygyň täze sahypasy, täze sepgidi hökmünde girdi.

Wladimir Putin VI Hazar sammitiniň işine ýokary baha berdi

Düýn Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammiti geçirildi. Ýokary derejeli Hazar sammitine gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde saparyny jemlemek bilen, sammitiň netijeleri boýunça ýerli we daşary ýurtly žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti sammitiň işine ýokary baha berip, duşuşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döredendigini nygtady. Belent mertebeli myhman türkmen žurnalistiniň VI Hazar sammitiniň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary hakyndaky sowalyna şeýle jogap berdi: — Men VI Hazar sammitine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran saparyma ýokary baha berýärin. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyp, döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Duşuşyk örän netijeli geçdi. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaş, sowatly, zehinli ýolbaşçy bolup, Türkmenistanyň öňki Prezid

Aş­ga­bat­da altynjy Ha­zar sam­mi­ti ge­çi­ril­di

Aş­ga­bat, 29-njy iýun. Şu gün paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lyk­ly­gyn­da altynjy Ha­zar sam­mi­ti ge­çi­ril­di. Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Aş­ga­bat du­şu­şy­gy ka­şaň “Ar­ka­dag” myh­man­ha­na­syn­da gu­ral­dy. Bu ýer­de ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­la­ry ka­bul et­mek hem-de iri hal­ka­ra çä­re­le­ri gu­ra­mak üçin äh­li şert­ler döredildi. Sam­mi­te gat­naş­mak üçin Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Se­ýed Eb­ra­him Rai­si, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin türk­men paý­tag­ty­na gel­di­ler.

Aşgabat sammiti halkara habarlar giňişliginde

VI Hazar sammitini we onuň çägindäki çäreleri gyzgyny bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek maksady bilen, Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Halkara metbugat merkeziniň işi ýola goýuldy. Daşary ýurtly žurnalistlere paýtagtymyzyň gözellikleri bilen tanyşmak üçin hem mümkinçilikler döredildi. Söhbetdeş bolanymyzda, daşary ýurtly kärdeşlerimiz Hazar sammitiniň guramaçylyk derejesine we netijelerine ýokary baha berdiler. «Известия» multimedia maglumat merkeziniň syýasy synçysy Wiktor Sineok: