Merw-Hyrat edebi mekdebi
Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň II kitabynyň 9-njy sahypasynda şeýle pähimli jümleler bar: «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynan-ýaryn». Gadymy dünýäniň ösen siwilizasiýa merkezleriniň bäşisiniň esasysy hasaplanýan keremli topragymyz köp müň ýyllyk şanly taryhynyň ähli döwürlerinde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň kämil ojaklarynyň biri hökmünde şöhratlanyp gelýär. Munuň düýp sebäbini, ilkinji nobatda, tutuş sebitde iň gadymy halklaryň biri bolan oguz nesilleriniň tebigatynda şahyranalygyň, şahandazlygyň, ylma teşneligiň bardygy bilen düşündirip bolar. Şu jähetden oýlananyňda, ene topragymyzda küýzegärçiligiň, zergärçiligiň, demir we agaç ussaçylygyň, binagärligiň, halyçylygyň, sazşynaslygyň, atşynaslygyň, itşynaslygyň, dowardarçylygyň iň irki tejribeleri nesilden-nesle geçirilip gelinýändigi bada-bat kalbyňa dolýar. Şeýle baý