«Pentnama» Attaryň öwüt gaznasy
Ahlak, terbiýeçilik meselesi ähli döwürleriň edebiýatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän iň ilkinji we wajyp meselesi bolup durýar. Beýik danalarymyz dünýäniň gözelliginiň, döwletiň berkliginiň jemgyýetiň agzybirliginden gelip çykýandygyna, munuň üçin sagdyn ruhuň, sagdyn ruhy gazanmak üçin bolsa, halk öňüne düşýän köpi gören, paýhasly, ündewçi-wagyzçy akyldarlaryň gerekdigine göz ýetiripdirler. Kämil şahsyýetiň, edepli perzendiň öz-özünden kemala gelmeýändigine durmuş synaglary we tejribeleri arkaly göz ýetiren ata-babalarymyz nesillerine bermeli edep-terbiýäni özleriniň boýnundaky ilkinji bergisi hasaplapdyrlar. «Mirasyň ýagşysy edepdir» diýýän ata-babalarymyz eklenç aladasy, gün-güzeranlaryny dolamagyň keşigi bilen birlikde, ähli zatdan öňürti, bar üns-aladalaryny nesilleriniň edep-terbiýe, ahlak meselesine gönükdiripdirler. Pähim-paýhasly danalarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz terbiýeçilik işini özleriniň boýnundaky ilkinji borç bilip, hiç bir adamdan muzd, hak-heşdek tamakin bolmazdan ýa talap etmezden, kämil şahsyýeti kemala getirmegiň ýörelgelerini we inçe ýollaryny işläp düzüpdirler. Özleri edebi döredijilik bilen meşgullanan beýik hökümdarlar ýörite öz perzentlerine niýetläp, olaryň adyny atlandyryp, öwüt häsiýetli, terbiýeçilik ähmiýetli