"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Täsin we täsirli iňlis dili

Iňlis dili — ünsüňi sähel salymlygam sowup bolmaýan dartgynly detektiw esere çalymdaş bir zat. Şol bir wagtda ony kädaýym eliň tersi bilen zyňyp goýbermäge hyýal etdirýän okuw kitabyna hem deňäberesiň gelýär. Iňlis dili diýseň owadan, täsirli hem-de köp aýratynlygyna anyk düşündiriş berip bolmaýan, islendik düzgüninde köp sanly kadadan çykmalara duş gelinýän çylşyrymly dildir. Ýöne hut şu aýratynlygy hem ony öwrenmesi hezil dile öwürýär. Indi-hä hemmetaraplaýyn özleşdirendirin diýersiňem welin, garaşylmadyk ýerden bulaşyk bir söz öwrümi bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň. Aslynda, täze-täze zatlary öwrenmek — yzygiderli ösüşiň hut özeni dälmidir eýsem?!

Hormatly okyjylar!

Gahryman Arkadagymyzyň beýik taglymatlaryndan ugur alyp işleýän «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy geljekde hem okyjylaryň göwnünden turjak eserleri çap etmegi meýilleşdirýär. Žurnal maşgala gymmatlyklaryna, ýaşlaryň durmuşyna, çaga terbiýesine, şahsy kämilliklere we döwrüň beýleki derwaýys ugurlaryna degişli eserleri paýlaşmagy maksat edinýär. Dünýäde has rowaç bolan eserler bilen ene dilimizde tanyşmagyň iň ýakyn ýoly «Dünýä edebiýaty» žurnalyna abuna ýazylmakdyr. 2021-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygyna abuna ýazylyş möwsüminiň dowam edýändigini habar berýäris.

Pit Mond­rian (1872–1944)

Ni­der­land­ly su­rat­keş Pit Mond­rian (ha­ky­ky ady Pie­ter Kor­ne­lis) XX asyr sun­ga­tyn­da abst­rak­sio­nizm aky­my­nyň düý­bü­ni tu­tu­jy­la­ryň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Us­sat su­rat­keş Ni­der­land­la­ryň Amers­fort at­ly ki­çeň­räk şä­he­rin­de, mu­gal­ly­myň maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­di. Ka­ka­sy og­lu­nyň ze­hi­ni­ne yna­nyp, hö­we­si­ne gol­daw be­rip­dir, oňa aga­sy — su­rat­keş Fris Mond­rian bi­len bir­lik­de il­kin­ji sun­gat sa­pa­gy­ny be­ren hem özi eken.

Lukmanyň maslahaty

1. Örtük dakynmakJemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly. 2. Aralygy saklamakJemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr aralygy saklamaly.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan

Wa­ta­ny­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy bi­ziň ma­ny­ly ýa­şaý­şy­myz­dyr. Bu ga­dy­my Di­ýar­da Wa­tan mer­te­be­si­niň be­lent­li­gi­niň ha­ty­ra­sy­na, äh­li yh­la­sy­ny, gaý­ra­ty­ny ba­gyş eden mer­da­na­la­ryň gö­rel­de­si nus­ga bo­lup ýa­şa­ýar. * * *

Ak şäherim Aşgabat

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow özü­niň boş wagt­la­ry­ny sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga hem-de dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­ne sarp ed­ýär. 22-nji mart­da — baý­ram­çy­lyk gü­ni ir bi­len mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na ge­lip, be­hiş­di be­dew­ler bi­len di­dar­laş­dy hem-de dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­dy. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Ak­han at­ly be­de­wiň il­kin­ji at ta­ýy­nyň dün­ýä inen­di­gi ba­ra­da buş­luk ha­ba­ry ýe­ti­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz öz se­ýis­läp ýe­tiş­di­ren Ak­han at­ly be­de­wi­niň il­kin­ji at ta­ýy­nyň dog­lan­dy­gy ba­ra­da­ky buş­lu­ga ruh­lan­dy we bu ha­ba­ry uly şat­lyk bi­len gar­şy­la­dy.

Möhüm medeni wakalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Goý, täze ýyl ýer ýüzünde parahatçylygyň ýylyna öwrülsin! 4-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu raýatlaryň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär hem-de her bir adamyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işlere goşant goşmak hyjuwyny artdyrýar. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha artýan halkara abraýy ugrunda bitirýän ägirt uly işleri üçin hoşallyk bildirip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly sepgitler we beýik işler bilen şöhratlandyryljakdygyny nygtadylar.

Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň kal­by­nyň toý­du­gy­ny, şat­lyk­dy­gy­ny, bar­lyk­dy­gy­ny, baý­ram­dy­gy­ny bir ge­zek däl, on­lap-ýüz­läp gaý­ta­la­ýan­dy­ryn, gaý­ta­la­ry­nam. Şeý­le­di­gi ge­rek bi­ze. Adam dün­ýä inen­de şol gym­mat­ly­ga teş­ne bo­lup gel­ýär. Is­le­gi şol­dur, ide­gi şol­dur. San­ly öm­rüň so­ra­gy ol, go­ra­gy ol.Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­mi­ziň dö­re­dil­me­gi­niň 140 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly bel­len­jek­di­gi­ni öňün­den ha­bar ber­ýän­li­gi diý­ýä­ni­mi do­ly tas­syk­la­ýan­dyr. Ar­ka­da­gyň ak şä­he­ri Aş­ga­ba­dyň dün­ýä­de ak mer­mer bi­len ör­tü­len bi­na­la­ryň has köp top­la­nan şä­he­ri hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi bol­sa, sun­gat ese­ri­ne öw­rü­len paý­tag­ty­my­zy dün­ýä ta­nat­dy. Beýikler baryny bar eýläp bilýär,Merdi bilen Watan Watan bolýandyr.Şeýdibem,                 müňläp ýyl ýaşan il gelýär,Adygyban giň jahana dolýandyr.

Ynsan bilen tebigat (Pel­se­pe dün­ýä­si)

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:«Te­bi­gat bi­ziň içi köz­li oja­gy­myz, rys­gal-be­re­ke­diň göz­ba­şy, gö­zel­lik çeş­me­si. Ba­ha­ryň aja­ýyp pur­sat­la­ryn­da türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­li­gi söz bi­len be­ýan eder­den has be­lent­de» Bagt­ly ýa­şa­ma­gyň hem-de te­bi­gat bi­len yla­la­şyk­da ýa­şa­ma­gyň iki­si-de bir zat.

Ykballary beýgeldýän eserler

Süň­ňü­ne ha­lal zäh­me­te, ag­zy­bir­li­ge, ar­ka­la­şy­ga, dost-do­gan­ly­ga, mert­li­ge, mak­sa­da ok­gun­ly Bol­mak­ly­ga ün­de­ýän söz­ler, hik­met­dir paý­has­lar, dur­muş tej­ri­be­le­ri siň­di­ri­len ki­tap­lar bi­ziň hal­ky­myz­da mu­kad­des­lik de­re­je­sin­de gör­lüp­dir. Taryh hemişe bir hakykaty tekrarlaýar: Beýik halklaryň ykbalynda beýik-beýik kitaplar bardyr. Bu sözleriň çynlygyna we çuňlugyna, many-mazmunyna akyl ýetirmek üçin gojaman geçmişiň wakalaryny gursagynda saklaýan gadymy golýazmalary, şol döwürleriň ýaňyny ýetirýän terjime eserlerini gaýtadan okamak zerur däl, ony milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda şu bagtyýar döwrümiziň mysalynda has aýdyň düşündirip bolýar. Her gezek hormatly Prezidentimiz ajaýyp pikir hoşalary bilen gurşalan paýhas bossanyny — döwet galamynyň, döwletli galamynyň astyndan çykan parasatly eserlerini halkymyza sowgat edeninde, uly-kiçi her kespde edýän işlerine döredijilikli çemeleşmek, yhlasly zähmet çekmek, asylly maksatlara okgunly bolmak, täze zatlary okamak, öwrenmek we durmuşlarynda özleşdirmek, gowy häsiýetleri özlerinde terbiýelemek duýgulary öňküsinden-de artmak bilen bolýar. Bu ýaş össürimleriň özlerini alyp barşynda, duýgy-düşünjesinde, ylym-bilime bola

Edebi terjimeler we ylmy açyşlar

Her gowy eseriň içinden durmuşymyza — şu günümize hem-de geljegimize haýry degjek köp zatlary öwrenip bilýäris. Halkara gatnaşyklaryň sazlaşykly ýola goýulmagy halklaryň ykbalyna hemişe oňyn täsirini ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň I kitabynda yklymlary biri-birine baglan söwda-kerwen ýollary arkaly maddy gymmatlyklaryň özara alyş-çalşy bilen birlikde, pähim-paýhaslaryň, eserleriň hem ilden-illere ýaýrandygy beýan edilýär. Kerwene daknyşan ýolagçylaryň kimler bolandygyny göz öňünde tutsak, ähli hakykat aýdyň ýüze çykýar. «Kerwene, köplenç, dürli maksatly ýolagçylar, zyýaratçylar, derwüşler, syýahatçylar, alymlar, dini wagyzçylar, rawy-kyssaçylar... goşulypdyr. Kerwende, köplenç, dilmaç saklanylypdyr». Olar baran ýerlerinden özlerine gerek zatlary — harytlary ýa-da hikmetli paýhaslary toplapdyrlar, özlerinde bar bolan zatlary ýa-da ylym-bilimi paýlaşypdyrlar. Şeýdibem harytdan zyýada pähim-paýhas ýoly has rowaçlanypdyr. Täze pikir täze höwesleri oýarýar, täze başlangyçlara iterýär. Her kim eşiden, gören, okan, öwrenen zadynyň üstüni öz durmuşyna laýyk düşünjeler bilen doldurypdyr. Mümkinçiliklerini peýdalanyp, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has kämilleşmegi üçin dürli

Çeper terjimedäki öwrümler

Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­me­giň bir­nä­çe aý­ra­tyn­lyk­la­ry bol­ýar. Öw­ren­mek­den asyl mak­sa­dyň nä­me­di­gi­ne gö­rä ola­ra bil­di­ril­ýän ta­lap­lar hem ta­pa­wut ed­ýär. Di­ňe gür­leş­mek, pi­kir alyş­mak ýa-da şol dil­ler­dä­ki yl­my-ede­bi eser­ler­dir mag­lu­mat­lar, tä­ze­lik­ler bi­len ta­nyş­mak, dil­maç­lyk et­mek ýa­ly dür­li-dür­li mak­sat-ni­ýet­le­riň her­si­ne la­ýyk ýol-ýö­rel­ge­si bar. Her bi­ri-de dil­le­ri düýp­li öw­ren­me­gi ta­lap ed­ýär. Iň bol­man­da ola­ryň söz­lem gur­luş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na do­ly dü­şün­mek wa­jyp­dyr. Terjimeleriň arasynda iň gyzyklysy, şol bir babatda hem has köp zähmet talap edýäni, megerem, çeper terjime bolsa gerek. Şeýle seretseň, bilýän sözleriňi, aklyň çatýan düşünjeleri, alýan manyňy ene diliňde dessine ýazaýjak ýalysyň, emma başyna baranyňda, birbada iki sözüň başyny çatyp bilmän ep-esli wagtyňy gidirip bilersiň. Üstesine-de, şol manyny şol şireliligi, çuňňurlygy bilen terjime etmäge synanyşanyňda bu has aýdyň duýulýar. Şonuň üçin çeper terjimä mahsus aýratynlyklary, inçelikleri öwrenmegimiz, ösdürmegimiz zerurdyr. Çeper edebiýata degişli bolan kyssalary, şygyrlary we beýleki eserler

Iki hekaýa (He­ka­ýa)

Ýo­han­nes Wil­helm Ýen­sen,da­ni­ýa­ly ýa­zy­jy Fudziýama

Kebelek (He­ka­ýa)

Nor­mu­rod NOR­KO­BI­LOW,öz­bek ýa­zy­jy­sy Kakasy ony şähere äkitmek üçin gelen güni aşhananyň öňünde ilkinji gülälek açylypdy. Özem gyp-gyzyl...

Nu­ra­ýym (He­ka­ýa)

Na­syr­jan Jo­ra­ýew, öz­bek ýa­zy­jy­sy On üç ýyldan soň Nuraýymdan hat aldym. Hat juda gysgady: «Şahyrym, minnetdar! Kitabyňyzy okadym».

«Hiçden giç ýagşy» (He­ka­ýa)

Sin BIŇ,hy­taý ýa­zy­jy­sy Könelerimiz: «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler. Onuň manysy «hiç bolmaz» diýildigi däl-de, mütdeti dolup, wagty ýeten zadyň nesibesi göterilse, ugrugyp ötägider diýildigidir.

Ilkinji oýanyş (Hy­ýa­ly he­ka­ýa)

Ýa­noş TOT,wen­ger ýa­zy­jy­sy Astronomyň haýyşy boýunça, professor il içinde «kesilen ömür» ady bilen belli bolan tejribä ilkinji bolup razylyk beren ýaş ýigit hakyndaky söhbede başlady:

Ynsap (He­ka­ýa)

Ro­že BOR­DI­ÝE,fran­suz ýa­zy­jy­sy Ol ýaýdandy. Hasasy kimdir biriniň köwşüne, aýagyna, ýagyş suwlary akdyrylýan ýabyň demir gözenegine, soňam ýene bir köwşe, ýanýodanyň erňegine degdi. Her niçik-de bolsa şol ýerde. Hasasyny ýokary göterdi. Çep tarapda, juda golaýda — bildiriş tagtasy, sagda, iki bagyň ortasynda bolsa gazet satylýan kiosk. Birwagtlar kioskyň ýanynda, hatda dyzeperem bardy, soň-soňlar ony aýyrdylar. Bildiriş tagtasyndan sanap başlasaň, birinji geçelge edil gözenegiň ýanyndan başlaýar. Be-e, bu dälmikä ýa? Aý, diýseň-diýmeseň şudur-la. Ol nähili ünssüz, ýöräp barýar, ýöräp barýar, ine, birdenem näçe köçäni kesip geçenini sanamagy unudanlygy güpbe ýadyna düşýär. Oňa öwran-öwran aýdypdylar, ýüz gezek gaýtalapdylar: hatda juda beletligiň, tejribäň bolsa-da, iň kyny — yzyňa gaýtmak. Mydama esasy maksadyň hakda pikir etmeli. Bolmasa...

Durmuşymyzyň iň gowy güni

Le­won MKRTÇÝAN,er­me­ni ýa­zy­jy­sy Dur­muş gy­zyk­ly wa­ka­la­ry baş­dan ge­çir­ýän­di­gi­miz ýa-da ola­ra göz­li şa­ýat bol­ýan­dy­gy­myz üçi­nem aja­ýyp! Me­niň öň­räk­den bä­ri gys­ga­jyk, her ke­se düş­nük­li bo­lup bi­läý­jek wa­ka­la­ry ýan­dep­derçä­me bel­lik et­mek en­di­gim bar. Ine, in­dem gö­ýä, dür­li gym­mat­lyk­da­ky şa­ýy pul­la­ry bir gu­tu­jy­ga top­lan ki­min, men ola­ry bir ki­ta­ba jem­le­dim. Gö­räý­mä­ge, äh­mi­ýet be­re­ni­ňe deg­me­ýän wa­ka­lar, em­ma ola­ryň her bi­ri­niň aňyr­syn­da yn­san kal­by gö­rün­ýär.

Durmuşy öwredýän Tym­sal­lar

Iň güýçli Kakasy oglunyň geljekde abraýly, bilimli adam bolmagy ugrunda elinden gelenini gaýgyrmandyr. Ogly iň abraýly ýokary okuw jaýlarynda okap, bilim alypdyr. Kakasy hem gerek ýerinde mydama ogluna kömek edip, goltgy beripdir. Okuwyny tamamlap, ogly dürli kärlerde işläp, ýokary wezipeleriň eýesi bolupdyr. Kakasy hem ogluna daşyndan guwanyp, buýsanyp gezipdir...