Arşyň küýseýän owazy
Bu rowaýaty ilkinji gezek eşiden mahalym döwürem, dünýelerem başgady. Bizem ýaňy ýediden gädip başlan oglanjykdyk. Durmuşa düýpli düşünerden gögeledik. Bal arysyna ideg edip ýören babamyň guşluk çaýynyň başynda sözden söz açylyp, ençeme tymsaldyr hekaýatlardan gulaklarymyz ganyp, ýüreklerimiz ylham tapardy. Durmuşy-hyýaly kyssalar bilen terbiýelenipdik. Şol rowaýatlaryň birinde öz maksadynyň ugrunda zemini ýortup ýören ýaş sazanda bir perişdäniň gabat gelşi beýan edilýärdi... — Hemmeleriň göwnünden turýan aýdymy tapasym gelýär. Hemmeleriň ýüregine täsir edýän sazy çalasym gelýär — diýip, gazma dutaryny elinde saklap duran sazanda matlabyny mälim edipdir.