Süňňüne halal zähmete, agzybirlige, arkalaşyga, dost-doganlyga, mertlige, maksada okgunly Bolmaklyga ündeýän sözler, hikmetdir paýhaslar, durmuş tejribeleri siňdirilen kitaplar biziň halkymyzda mukaddeslik derejesinde görlüpdir.
Taryh hemişe bir hakykaty tekrarlaýar: Beýik halklaryň ykbalynda beýik-beýik kitaplar bardyr. Bu sözleriň çynlygyna we çuňlugyna, many-mazmunyna akyl ýetirmek üçin gojaman geçmişiň wakalaryny gursagynda saklaýan gadymy golýazmalary, şol döwürleriň ýaňyny ýetirýän terjime eserlerini gaýtadan okamak zerur däl, ony milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda şu bagtyýar döwrümiziň mysalynda has aýdyň düşündirip bolýar. Her gezek hormatly Prezidentimiz ajaýyp pikir hoşalary bilen gurşalan paýhas bossanyny — döwet galamynyň, döwletli galamynyň astyndan çykan parasatly eserlerini halkymyza sowgat edeninde, uly-kiçi her kespde edýän işlerine döredijilikli çemeleşmek, yhlasly zähmet çekmek, asylly maksatlara okgunly bolmak, täze zatlary okamak, öwrenmek we durmuşlarynda özleşdirmek, gowy häsiýetleri özlerinde terbiýelemek duýgulary öňküsinden-de artmak bilen bolýar. Bu ýaş össürimleriň özlerini alyp barşynda, duýgy-düşünjesinde, ylym-bilime bolan güýçli höwes-isleglerinde has-da aýdyň duýulýar. Bir ynsany beýik işlere höweslendirip bilmegiň özi iň haýyrly amallaryň hatarynda görülýän bolsa, ähli halky döredijilikli beýik işlere ruhlandyryp bilmegiň neneňsi ägirt uly işdigini göz öňüne getirmegem aňsat däl.