"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Iki dile we üçünji millete berlen baýrak

Edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan ýazyjy Semýuel Bekketiň baýragyň gowşurylyş dabarasyna gelip bilmändigi üçin, Şwed Akademiýasynyň agzasy Karl Ragnar Žerowyň onuň ýerine eden çykyşy. Kuwwatly hyýalbentlik bilen absurd temasynyň garyşmagyndan ýa-ha geň-enaýy närse ýa-da irland adamsy emele gelýändir. Eger bu irland adamsy bolsa, onda siz hiç kimiňkä bap gelmeýän özboluşly pikir bilenem ýüzbe-ýüz bolarsyňyz. Kädaýym Nobel baýragy hem bir wagtda birnäçe zat üçin gowşurylaýýar. Geň ýeri, şeýle ýagdaýa hut 1969-njy ýylda şaýatlyk edýäs — bir adama mynasyp görlen ýeke-täk baýrak bir wagtda iki dile hem-de üçünji millete mynasyp görülýär.

Pu­lit­ser baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lan meş­hur eser­ler

ABŞ-da edebiýat, žurnalistika, saz we teatr pudaklary boýunça iň abraýly baýraklaryň biri hasaplanylýan Pulitser baýragy asly wenger gelip çykyşly amerikan žurnalisti Josef Pulitser tarapyndan 1903-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Baýragyň döremeginiň taryhy diýseň gyzykly.  Žurnalist Pulitser Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna göçüp gelen mahallary iňlis dilinde çalgyrt gürläpdir we iňlis dilini az bilýändiginden habarly dosty Josefe degişme äheňinde gazetde işlemegi maslahat berýär. Şeýlelikde, žurnalistika älemine täze gadam basan, gazetiň çylşyrymly dilinde makala ýazmakda köp kynçylyklary başyndan geçiren Pulitser az wagtdan gazet-žurnallarda makala ýazmagyň dilini ýönekeýleşdirmegiň ýoluny gözläp başlaýar. Birnäçe ýyl irginsiz zähmeti talap eden ýeňil bolmadyk bu işde ýeňiş ahyry Pulitseriň tarapynda bolýar. Netijede, Josef Pulitser diňe bir ABŞ-yň däl, eýsem bütin dünýä metbugatyna umumy gazet dilini ornaşdyrmagy başarýar.

Pentnama

Ferideddin ATTAR (Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat

ýa-da ýüz­ýän ada­da­ky baş­dan­ge­çir­me­ler (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

«Aýgytly ädimiň» terjimeçisi

Bir mahal edebiýatçy alym Aşyrpur Meredowyň belli gününe baranymda aýaly: «Nury agaň şu kitabyny, Akgül jan, saňa sowgat berýärin. Tamara daýzaň» diýen ýazgy bilen «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi» kitabyny beripdi (Aşyrpur Meredowyň bir ady Nury eken.). Bu sözlügi her gezek elime alanymda bir zada gynanýan. Şol gezek Tamara daýza ýanynda oturan zenanlara: «Bu gelin Nurynyň jan ýaly dostlarynyň biri Aşyrberdi Kürtüň jigisi, Akgül» diýip, soňra-da: «Ynha, bular maşgalamyz bolup saçakly gatnaşýan alymlarymyzyň maşgalalary. Eliňdäki kitabyň ýazarlarynyň biri Sapar Ahallynyň maşgala ojagy bilen hem gowy gatnaşardyk. Saparyň maşgalasy Zylyha Muhammedowa-da ýiti zehinli alymdy. Jaýy jennet bolsun, adamkärçilikli, kiçigöwün zenandy» diýip gürrüň berdi. Şonda gyzyklanan bolsam, belki, onuň özi ýa-da ýanynda oturan zenanlar alym Zylyha Muhammedowa barada kän zatlar aýdardy. Şu ýalňyşyma häli-häzirem ökünýän. Öňräk bu barada halypa ýazyjy Hudaýberdi Bäşimowa gürrüň berdim. Ol: «Türkmenistanyň halk artisti, sazşynas Amanöwez Saparowyň «Garagum» žurnalynyň 2020-nji ýylyň 3-nji sanynda çap bolan «Sahy bagşy» atly makalasyny okadyňmy?» diýip sorady. Şol makalada Zylyha Muhammedowa hakynda-da ýazylandygy dessin ýadyma düşdi. Amanöwez aganyň bu makalasynda: «Bi

Sungatyň ir süýnen ýyldyzy

Terjimeçiniň sözi Okyjylaryň köpüsi, megerem, Şarl Fransua Gunony (1818 — 1893) tanaýandyr. Ol tanymal fransuz kompozitory, dünýä belli «Faust» operasyny ýazan. Kompozitor şägirtleriniň arasynda şeýle diýmegi halaýan eken: «Hakyky senede düşünip, beýik adamlaryň hyzmatyna ymykly göz ýetirmek üçin gaty köp çorba sowatmaly. Ynha, siziň ýaşyňyzdakam «men-men» diýip döşüme kakmak esasy şygarymdy. Ýigrimi dört ýaşymda «Men hem Mosart» diýip başladym, kyrk ýaşymda «Mosart hem men» diýip gürrüňimiň hörpüni üýtgetdim. Häzir welin diňe «Mosart» diýip gaýtalap ýörün».

Amadeý

Piter ŞEFFER,iňlis dramaturgy Oýna gatnaşýanlar:

Ulugbegiň hazynasy (Ro­man)

Adyl Ýakubow, özbek ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Faraon (Ro­man)

Boleslaw PRUS,polýak ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Firdöwsi (Taryhy roman)

Satym ULUGZADA,täjik ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Teýmirleňiň ömrüniň on iki güni

Mirzaahmet NORBEKOW,özbek ýazyjysy (Baky ýaşaýşyň syrlary hakynda traktatlar)

Ak gülleriň ýurdunda (Bir halkyň galkynyş kyssasy)

Grigoriý PETROW, rus publisisti we jemgyýetçilik işgäri (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Hä­zir bolmasa, haçan?

Nurdan ÖZKAN,türk ýazyjysy Giriş

Güýçli gudrat

Elizabet GILBERT,amerikan ýazyjysy Döredijilik dünýäsi — gudratly barlyk. Bu dünýä adaty bir dünýäden has uly, has bagtly, has giň. Döredijilik dünýäsinde ýaşamak siziň içki dünýäňizde gizlenen hazynaly humlary çykarmagyň hem ýeke-täk ýoludyr.

Özüňdäki ägirtligi oýar

Toni ROBBINS,amerikan ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Beýniňi nädip güýçlendirmeli?

Pol S. BREGG,amerikan berhizçisi (Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

“Ýok” diýmäge hakyň bar

Käteler kimdir biriniň raýyny ýykmazlyk ýa-da göwnünden turmak üçin bolmajak, bitmejek zatlara biygtyýar «bolýar» diýýän gezeklerimiz az däl. Dilewar söhbetdeşiň «hä, hawasyny» ýetirip, şelaýyn gürrüňleriniň täsirine gapylyp, birdenkä «bolýar» diýenimizi duýman galýarys. Soňundanam ýüz ýyllyk gaflatdan oýanan ýaly özümize gelýäris. Ökünip başlaýarys. «Şol wagt dessine «ýok» diýen bolsam bu wagt beýdip kösenip ýörmezdim» diýýäris. Özümizi kötekleýäris. «Siz hemmelere ýaramaly, hemmelere ýaranmaly, hemmeleriň göwnünden turmaly, hemmeler bilen razylaşmaly» diýen düzgün ýok. Gaýta, «dessine «ýok» diýmek» häsiýetiniň abyny-tabyny öwrenip, degerli ýerinde ulanyp bilseňiz, durmuşda köp zat gazanarsyňyz. Özüňizi şadyýan, arkaýyn, asuda, sagdyn duýarsyňyz.

Ökde ýazyjy bolmak üçin degerli maslahatlar

Ýazmagy we okamagy halaýanlaryň iň uly arzuwlarynyň biri — ýazyjy bolmak. Ýeri onda, gowy ýazyjy bolmak üçin näme etmeli? Ýazyjy bolmagyň aňsat däldigini hemmeler bilýär. Käteler dilde beýan etmegem ýeňil düşenok, emma şony kagyza geçirmeli bolanyňyzda, baý, kösenensiňiz-ä. Birje sahypany doldurmak üçin her gün sagatlap eglenen wagtlaryňyz bolandyr. Käteler bir söz ýazyp bilmedik wagtlaryňyzam bardyr. Syk dokalan, nepis çitimli halylar üçin nähili gaýrat gerek bolsa, gowy eser ýazmagam şonça zähmeti talap edýär. Köpüň göwnünden turjak eseri ýazmak üçin sabyr, söýgi we lükgeligiň bilen şol işe berilmegiň gerek. Sungat özüne sowuksala garaýanlary hiç wagt ykrar etmeýär.

Okasaňyz, çeper eser okaň!

Eger-de siz hyýal ediş, göz öňüne getiriş aýratynlygyňyzdan göwnüňiz suw içmeýän bolsa, onda size maslahat — çeper edebiýaty köp okaň.   Okamagyň ähmiýeti örän uly, bu hakda habar beriş serişdelerinde, köpçülik ýer-lerinde, toý-tomgularda öwran-öwran ýatlanylýar. Haýsy ugurlara höwesli bolsaňyz, hersiniň özüne mahsus edebiýaty bar. Köp okamak juda köp zada peýdaly. Şol bir wagtda şol bir eseri köp okamak bilen köp eser okamagyň hem arasynda tapawut bar. Tejribeli hünärmenler uzak ýyllaryň dowamynda ýörite synag geçirip görüpdirler. Şoňa laýyklykda, çeper edebiýaty okamak iň ähmiýetlisi diýen netijä gelipdirler.

Ýazyjylaryň Täze ýyly garşy alyşlary

Her halkyň özüne mahsus däp-dessurlary, toý-baýram belleýiş aýratynlyklary bolýar. Täze ýyl baýramy hem zeminiň aglaba künjünde bellenilýän baýramlaryň biridir. Täze ýyl baýramyna mahsus ähli halklara degişli diýen ýaly edim-gylymlar bar. Mysal üçin, Täze ýyl baýramynda her kim özüniň toý lybasy bilen birek-birege myhmançylyga barypdyr. Saçakda dürli-dümen naz-nygmatyň goýulmagy geljek ýylyň bereketli boljakdygyna ýorupdyrlar. Hatda Täze ýyl gijesinde birek-birek bilen salamlaşmagyň we mähirli hal-ahwal soraşmagyň hem ýyl içinde ummasyz köp sogap we şatlyk getirýändigine ynanypdyrlar. Täze ýylyň ilkinji gününde ilki salamlaşan adamyň gowy bolmagyny tutuş ýylyň gowy gelmegine sebäp görüpdirler. Dünýä belli ýazyjylaryň hem Täze ýyl baýramyny geçirişleri hakda maglumatlar bar. Olaryň käbirleri bu baýramçylygy öýde, maşgalada bellemegi eý görse, käbirleri dost-ýarlary bilen geçirmegi gowy görüpdirler.