Käteler kimdir biriniň raýyny ýykmazlyk ýa-da göwnünden turmak üçin bolmajak, bitmejek zatlara biygtyýar «bolýar» diýýän gezeklerimiz az däl. Dilewar söhbetdeşiň «hä, hawasyny» ýetirip, şelaýyn gürrüňleriniň täsirine gapylyp, birdenkä «bolýar» diýenimizi duýman galýarys. Soňundanam ýüz ýyllyk gaflatdan oýanan ýaly özümize gelýäris. Ökünip başlaýarys. «Şol wagt dessine «ýok» diýen bolsam bu wagt beýdip kösenip ýörmezdim» diýýäris. Özümizi kötekleýäris.
«Siz hemmelere ýaramaly, hemmelere ýaranmaly, hemmeleriň göwnünden turmaly, hemmeler bilen razylaşmaly» diýen düzgün ýok. Gaýta, «dessine «ýok» diýmek» häsiýetiniň abyny-tabyny öwrenip, degerli ýerinde ulanyp bilseňiz, durmuşda köp zat gazanarsyňyz. Özüňizi şadyýan, arkaýyn, asuda, sagdyn duýarsyňyz.