«Pentnama» Attaryň öwüt gaznasy

31 Awgust 2021
2010

Ahlak, terbiýeçilik meselesi ähli döwürleriň edebiýatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän iň ilkinji we wajyp meselesi bolup durýar. Beýik danalarymyz dünýäniň gözelliginiň, döwletiň berkliginiň jemgyýetiň agzybirliginden gelip çykýandygyna, munuň üçin sagdyn ruhuň, sagdyn ruhy gazanmak üçin bolsa, halk öňüne düşýän köpi gören, paýhasly, ündewçi-wagyzçy akyldarlaryň gerekdigine göz ýetiripdirler. Kämil şahsyýetiň, edepli perzendiň öz-özünden kemala gelmeýändigine durmuş synaglary we tejribeleri arkaly göz ýetiren ata-babalarymyz nesillerine bermeli edep-terbiýäni özleriniň boýnundaky ilkinji bergisi hasaplapdyrlar. «Mirasyň ýagşysy edepdir» diýýän ata-babalarymyz eklenç aladasy, gün-güzeranlaryny dolamagyň keşigi bilen birlikde, ähli zatdan öňürti, bar üns-aladalaryny nesilleriniň edep-terbiýe, ahlak meselesine gönükdiripdirler. Pähim-paýhasly danalarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz terbiýeçilik işini özleriniň boýnundaky ilkinji borç bilip, hiç bir adamdan muzd, hak-heşdek tamakin bolmazdan ýa talap etmezden, kämil şahsyýeti kemala getirmegiň ýörelgelerini we inçe ýollaryny işläp düzüpdirler. Özleri edebi döredijilik bilen meşgullanan beýik hökümdarlar ýörite öz perzentlerine niýetläp, olaryň adyny atlandyryp, öwüt häsiýetli, terbiýeçilik ähmiýetli pentnama, nesihatnama, öwütnama, wesýetnama eserlerini ýazypdyrlar. Ýene birnäçeleri bolsa muny döwrüniň belli ýazarlaryna ýazdyrypdyrlar. Şol eserler ýörite olaryň perzentleriniň atlaryna atlandyrylan hem bolsa, olarda tejribeden geçen, tutuş adamzat bähbitli, asyrlara ýörelgelik ajaýyp edep düzgünleri, kämil ahlak kadalary jemlenipdir.

Her bir işde öten beýiklerine eýerýän hormatly Prezidentimiz kämil şahsyýeti kemala getirmekde, nesil terbiýesinde ata-babalarymyzyň durmuş synagyndan geçen şol tejribelerine daýanyp, beýik alymdyr danalarymyzyň asylly pikirlerini ýörelge edinýär. Döwlet dolandyryş işlerinden daşgary, döwletiň şu günki goly, güýç-kuwwaty, ertirki geljegi bolan nesiller hakda aýratyn uly alada edýär. Milli Liderimiz munda, esasan, edebi mirasyň güýjüne, türkmeniň gadymdan gelýän milli edim-gylymlaryna daýanýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynyň birinde: «Könelerimiziň: «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýşi ýaly, kabul edýän kanunlarymyzda ösüp gelýän nesillerimize terbiýe bermegiň ata-babalarymyzdan miras galan milli kadalaryna hem aýratyn üns bermegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Gadymy däp-dessurlarymyzy goldanyp, kanunlarymyzy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebap ýagdaýa getirmeli diýip pikir edýärin» ( Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy, Aşgabat ş., 2018-nji ýylyň 30-njy marty.) diýmesi-de güwädir. XII-XIII asyrlar Gündogar nusgawy edebiýatynda pars dilinde ýazylan öwüt-nesihat beriji meşhur eserleriň biri-de, Gündogaryň görnükli akyldary, şahyr-ýazary we alymy Ferideddin Attaryň mesnewide ýazylan «Pentnama» eseridir. Bu eser öz döwründe musulman Gündogar ülkelerinde ýaşan dürli halklaryň wekilleriniň arasynda giň orun tapyp, meşhurlyk gazanypdyr. Eser öz döwrüniň adamlarynyň arasynda ahlak-terbiýeçilik häsiýetli gymmatly gollanma bolup hyzmat eden bolsa, ondan soňraky döwürleriň dürli ýaşdaky adamlarynyň hem terbiýeçilik meselesinde esasy ýüzlenýän eserleriniň biri bolmagynda galypdyr. Öz döredijiliginde orta asyr nusgawy şygyr görnüşleriniň örän köpüsini ulanan Ferideddin Attar mesnewide we gazalda ýokary ussatlyga ýetipdir. Attaryň döredijilik ussatlygyna, esasan, tasawwufy gazallarynda syn etmek ýerlikli bolupdyr. Ol şygyr döredilişiniň dürli görnüşlerinde diňe özi ýeke-täk dörediji bolup galman, özünden soňraky nusgawy şahyrlaryň nusga alan we oňa eýeren kişisi bolupdyr. Onuň eserlerinde Ahmet Gazalynyň wagyz-ündewlerinde aňladan hekaýalaryň gelşi ýaly, Ibn Sinanyň, Abu Sagyt Abulhaýyr — Mäne babanyň, Muhammet Gazalynyň we beýlekileriň köp hekaýatlaryndan peýdalanandygyny görmek bolýar. Şeýle-de ol Mäne babanyň rubagylarynda, Muhammet Gazalynyň eserlerinde ündelýän ýokary ahlak pikirlerden täsirlenipdir we olary ösdürmek bilen, öz döredijiliginde dowam etdiripdir. Ruhy ylham alan halypalary bolan Mäne baba, Baýezit Bistamy, Ybraýym Edhem, Abdylla Mübärek, Muhammet Gazaly ýaly pirler hakda özünden öňki çeşmelerde saklanan hekaýatlary şygra geçirip, öz eserlerine girizipdir we olaryň atlaryny hem adamzat öňünde eden taýsyz hyzmatlaryny asyrlara uzadypdyr. Onuň eserlerinde peýdalanan hekaýatlarynyň birnäçesiniň çeşmesiniň gadymy ýunana çenli baryp ýetýändigi bellidir.

Pars dilinden terjime eden Gurbangözel KÖMEKOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri