Edebiýata, döredijilige aýratyn uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen «Dünýä edebiýaty» žurnaly uly höwes bilen okaýan neşirlerimiň biri. Žurnalyň 2021-nji ýyldaky 1-nji sany elime gowuşdy. Endigime görä, žurnaly okamazdan öň ilki bilen sahypalaryny agdaryşdyryp, gözden geçirdim. Ine, birden «Kalby mukamly terjimeçi» atly makalanyň başyndaky surata gözüm kaklyşdy. Suratdaky ýylgyryp duran ýüzi nurana adamyň keşbi maňa tanyş, gözüme yssy göründi. Žurnaly derhal garbap aldym. Duýgym aldaman eken. Ol «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda on ýyl töweregi bile işleşmek bagty miýesser eden baş redaktorymyz, halypa ýazyjymyz Hudaýberdi Durdyýewdi. Makalany ýazan žurnalist Akgül Saparowa eken. Özüm üçin ýakyn hem mähriban bolan bu ajaýyp adam hakynda ýazylan makalany dessine okamaga başladym. Okadygymça-da, tapylgysyz gylyk-häsiýetli, guýmagursak zehinli Hudaýberdi aganyň nurana keşbi göz öňümde janlandy. Şonuň üçin hem bu makala seslenme ýazmagy makul bildim.
Hudaýberdi aga diňe bir sowatly, salyhatly, medeniýetli hem-de tejribeli kişi bolman, juda synçy, degişgen adamdy, talapkär ýolbaşçydy. Onuň kimdir birine gygyryp ýa käýinip duran wagtyna gabat gelmedim. Ýuwaşdy, juda agrasdy, sabyrlydy, kiçigöwünlidi. Rus dilini bilşi kemsiz-köstsüzdi. Türkmençe geplände şeýlebir owadan, şeýlebir şireli geplärdi welin, meňzetmeler, nakyldyr dana sözler diline geler durardy. Türkmençilik, millilik onuň durmuşynyň özenidi.