"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Dost-doganlyk mekany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu gün ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetliligi, ynsanperwerligi öňe sürýän döwlet hökmünde ykrar edilýär. Milli ýörelgelerimiz bolsa häzirki wagtda dünýä halklarynyň birek-birek bilen düşünişmek arkaly gatnaşyklary ýola goýmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Turuwbaşdan «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän Garaşsyz ýurdumyz bu gün dünýä halklarynyň dost-doganlyk merkezine öwrüldi. Muňa ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, hususan-da, mermer paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatlar, sergiler, duşuşyklar aýdyň güwä geçýär.

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi

Aşgabat, 2-nji dekabr (TDH). Şu gün Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Köpugurly gatnaşyklarda täze mümkinçilikler

Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň jemini jemlän möhüm çäre — YHG-nyň 15-nji sammiti 28-nji noýabrda üstünlikli geçirildi. Gurama agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlaryny, YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekillerini bir meýdançada duşuran Aşgabat sammiti bu iri sebitara düzümiň çägindäki köpugurly gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde, dünýäde dowam edýän häzirki ýagdaýlary nazara alyp, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde nobatdaky mümkinçilik boldy. Foruma gatnaşan döwlet ýolbaşçylarynyň çykyşlaryndan, kabul edilen resminamalardan görnüşi ýaly, agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda ähli ulgamlar bilen bir hatarda sanlylaşdyrma işine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi barha globallaşýan dünýäde tehnologiýalaryň çäksiz mümkinçiliklerine daýanýan sanly ykdysadyýetiň ählumumy ösüşdäki paýynyň yzygiderli ýokarlanýandygy bilen şertlendirilendir. Üns berip görsek, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabat sammitinde edilen çykyşlarda-da, onuň öňüsyrasynda guralan YHG-a agza döwletleriň 4-nji işewürlik maslahatynda-da özara gatnaşyklarda, hususan-da, söwda ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlykda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden neti

Halkara webinary

Golaýda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinary geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu webinara dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowa, Ukrainanyň Çagalar üçin milli kitaphanasynyň baş müdiri A.Gordiýenko, Ýerewanyň K.Stanislawskiý adyndaky Rus drama teatrynyň baş direktory M.Mhitarýan, Belarus döwleti filarmoniýasynyň baş direktory A.Nikita we başgalar çykyş etdiler. Webinara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda şeýle halkara çäreleriniň geçirilmeginiň özeninde diňe bir halkara medeni gatnaşyklary berkitmekde däl, eýsem, parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şeýle-de edebiýatyň we sungatyň bolan ýerinde parahatçylyga, agzybirlige, hoşniýetlilige we medeni hyzmatdaşlyga tarap ymtylyşyň döreýändigini çykyş edenler nygtadylar. Çäräniň

Oňyn hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda işjeň we ynamdar hyzmatdaş ýurt hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyz iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar, halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini ileri tutýan döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk alyp barýan iri halkara guramalarynyň biri hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň işi sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Täze «Garagum» myhmanhanasynda 28-nji noýabrda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahatynda beýan edilişi ýaly, özara hyzmatdaşlygyň depginlerini düýpli çaltlandyrmak barada ylalaşyk gazanyldy. Biziň ýurdumyz 2021-nji ýylda YHG-a başlyklyk etmek bilen, degişli Konsepsiýada bellenilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilmegi özara toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ýolunda

Hoşniýetli gatnaşyklar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň strategik hyzmatdaşy hasaplanylýan döwletleriň biri hem Türkiýe Respublikasydyr. Türkmenistan döwletimiz bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary iki doganlyk halkyň umumy taryhy kökleriniň birligine daýanýar we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar. «Iki döwlet — bir millet» diýen şygary ýörelge edinýän iki doganlyk ýurduň arasynda häzirki wagtda döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli hyzmatdaşlyklar giň gerimde ösdürilýär. Häzirki döwürde iki doganlyk ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk güýçli depginlere eýe bolýar. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden döwlet hem doganlyk Türkiýe Respublikasydyr. Türkiýe Respublikasy üç yklymyň, ýagny Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň çatrygynda ýerleşýän döwletdir. Ol üç yklymyň arasynda iň gysga we göni ýolly ýurt bolmak bilen tapawutlanýar. Şeýle hem Türkiýe gündogar bilen günbatar medeniýetleriniň arasyndaky ýeke-täk köpri bolup durýar. Ýurduň umumy tutýan meýdany 783562 inedördül kilometre barabardyr. Onuň meýdanynyň 3 göterimi Ýewropa t

Hoşniýetli hyz­mat­daş­lyk

Türk­men hal­ky­myz asyr­lar­bo­ýy dost-do­gan­ly­gy, bi­rek-bi­re­ge gol­daw ber­me­gi, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­gi ýö­rel­ge edi­nip gel­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty hem şol mu­kad­des ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýar. Ýa­kyn­da ýur­du­myz­da bo­lup ge­çen ta­ry­hy wa­ka­nyň şa­ýa­dy bol­mak di­ňe bir halkymyzyň däl, eý­sem, dost­luk­ly halk­la­ryň hem buý­san­jy­ny art­dyr­dy. Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň 15-nji sam­mi­ti­niň bi­ziň ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­lik ýö­rel­ge­si­niň ny­şa­ny bol­mak bi­len, Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy­na ýar­dam et­di.

Dost-doganlygyň dabaralanmasy

Ýakynda paýtagtymyzdaky «Garagum» otelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Bu möhüm çäräniň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk edýän biziň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň bu gurama agza bolan ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrýandygynyň, halkara abraýynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan sebit möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmäge, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen halkara ähmiýetli möhüm çäreleri yzygiderli geçirýär. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolmak bilen, oňa agza döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär.

Halkara hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykýar

1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolan Türkmenistan köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, YHG-a girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyz hem-de bu Gurama tarapyndan bilelikdäki işiň uly tejribesi toplanyldy. Munuň özi uzakmöhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda ygtybarly esasy döredýär. Türkmenistan sebit möçberinde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, Guramanyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de çägini giňeltmäge, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen, ýörite işlenip taýýarlanylan Konsepsiýanyň esasynda YHG-da başlyklygy amala aşyryp, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmäni görkezýär. Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi. Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sad

Türkmenistan – Koreýa Respublikasy: gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyk

Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP-niň MK-nyň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy. Taraplar köpugurly diplomatiýanyň, hususan-da, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hem-de «Hytaý + Merkezi Aziýa» görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy nygtadylar. Komitetiň türkmen tarapyndan ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Liderleri tarapyndan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi babatynda kesgitlenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi nukdaýnazaryndan sanly ykdysadyýet, maliýe-bank ulgamy, pes uglerodly «ýaşyl» ösüş, ulag hem-de logistika, aragatnaşyk torlary, himiýa senagaty, oba hojalygy, energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de beýleki ugurlar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hata

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti

Eziz Diýarymyzda 2021-nji ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ýurdumyzda mundan beýläk göz öňünde tutulýan maksatlara ýetmegi goldajak başlangyçlar bolup durýar. Ýylyň möhüm syýasy wakalarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen sammitiň ähmiýeti aýratyn bellärliklidir. Bu sammit Türkmenistanyň sebitde we dünýäde durnukly ösüşi, parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde alyp barýan işleriniň barha artýan ähmiýetini mynasyp mazmun bilen baýlaşdyrdy. Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyl bäri halkara we hökümetara guramalaryň işine işjeň gatnaşýar we olara döwürleýin ýolbaşçylyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz halkara we sebitara guramalara başlyklyk edýän döwründe bu guramalaryň işiniň syýasy-hukuk binýadynyň kämilleşmegine oňyn goşantlary goşýar. «Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, bu babatda alnanda uly syýasy üstünlikleriň biridir. Bu Kararnamanyň mazmunynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi ýaly iri taslamalara orun berilmegi ýurdumyzyň durmuşa geçirýän iri maýa goýum taslamalaryna

Parahatçylyk — gülläp ösüşleriň binýady

Golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinar geçirildi. Webinara dünýäniň 15 ýurdundan medeniýet ulgamynyň 40-dan gowrak wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowa, Ukrainanyň Çagalar üçin milli kitaphanasynyň baş müdiri A.Gordiýenko, Ýerewanyň K.Stanislawskiý adyndaky rus drama teatrynyň baş direktory M.Mhitarýan, Belarus döwlet filarmoniýasynyň baş direktory A.Nikita we başgalar çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de geljegi barada pikir alşyldy, ýurdumyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy bu hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary amala aşyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Beýik maksatlara tarap möhüm ädim

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň bu abraýly guramanyň döredilen gününde, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda merjen paýtagtymyzda geçirilmegi watandaşlarymyzyň belent başyny gök diretdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilen ýylynda ata Watanymyz Türkmenistanyň bu guramada başlyklyk etmegi uly ähmiýete we çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki munuň özi baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Garaşsyz Watanymyzyň halkara derejedäki abraýynyň ägirt uludygyny tassyklaýan hakykatdyr. Ýeri gelende, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1985-nji ýylda döredilendigini, ata Watanymyzyň BMG-de synçy derejesine eýe bolan bu gurama Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda, has takygy, 1992-nji ýylda agzalyga kabul edilendigini bellemelidiris. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti bu gurama agza döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmeginde, söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde, sebit syýasatyny sazlaşdyrmakda möhüm ädim bolar. Ol gurama agza döwletleriň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin geljek üçin köptaraplaýyn täze ugurlaryny kesgitlemekde taryhy ähmiýete eýedir.

Özara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylyk

29-njy noýabrda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işewür hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de geljegi barada pikir alşyldy, ýurdumyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy bu hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary amala aşyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda hukuk kadalaryna hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgesine esaslanýan ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy möhüm şert bolup durýar.

Aşgabat forumy: ynanyşmak, ylalaşyk, birlik

29-njy noýabrda paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahata YHG-nyň Baş sekretary, YHG-a agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem milli, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. ÝOKARY BAHA — BELENT YNAMYŇ YKRARY

Beýik geljege sary batly gadamlar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Halkyň bagty onuň ýüreginde beslän arzuwlarynyň hasyl bolmagynda diýilýär. Hut şu babatda, ata Watanymyz Türkmenistan hem «Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy» diýen jümläniň sözüň doly manysyndaky eýesidir. 28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde ýurdumyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammiti-de halkymyzyň röwşen bagtynyň kepili, ykdysadyýetimiziň güýç-kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ynsan duýgularynyň içinde tükeniksizi bar bolsa, onda ol isleg duýgusy bolmaly. Dünýä döräli bäri bu şeýle. Ilkidurmuş jemgyýetiniň önümi bolan owunjak daşdan, agaçlardan edilen zähmet gurallaryndan başlap, häzirki zamanyň ösen tehnikasyna, innowasion tehnologiýalaryna, ýylyň dört paslynda hem elýeteriňde bolan miweleri öndürýän ýyladyşhanalara çenli geçilen ýolda ýetilen sepgitler diňe ynsan islegleriniň çäksizligindendir. Diýmek, bir ýerde ösüş bar bolsa, ol hökmany suratda ýokary islegiň netijesidir.

Dostlukly şäherlere syýahat

28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi. Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ýokary derejede geçirilen sammitde dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde we belent sepgitlere ýetmekde möhüm ähmiýetli ylalaşyklar gazanyldy, resminamalara gol çekildi. Biz hem şu mynasybetli gazetimizde YHG-a agza ýurtlaryň paýtagt şäherleri baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. Aşgabat (Türkmenistan)

Işjeň gatnaşyklar berkidilýär

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işewür hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de geljegi barada pikir alşyldy, ýurdumyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy bu hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary amala aşyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.