Beýik maksatlara tarap möhüm ädim

1 Dekabr 2021
1213

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň bu abraýly guramanyň döredilen gününde, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda merjen paýtagtymyzda geçirilmegi watandaşlarymyzyň belent başyny gök diretdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilen ýylynda ata Watanymyz Türkmenistanyň bu guramada başlyklyk etmegi uly ähmiýete we çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki munuň özi baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Garaşsyz Watanymyzyň halkara derejedäki abraýynyň ägirt uludygyny tassyklaýan hakykatdyr. Ýeri gelende, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1985-nji ýylda döredilendigini, ata Watanymyzyň BMG-de synçy derejesine eýe bolan bu gurama Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda, has takygy, 1992-nji ýylda agzalyga kabul edilendigini bellemelidiris.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti bu gurama agza döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmeginde, söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde, sebit syýasatyny sazlaşdyrmakda möhüm ädim bolar. Ol gurama agza döwletleriň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin geljek üçin köptaraplaýyn täze ugurlaryny kesgitlemekde taryhy ähmiýete eýedir.

Meýlis BALLYÝEW.
Türkmen oba hojalyk instituty.