Hoşniýetli gatnaşyklar

2 Dekabr 2021
1293

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň strategik hyzmatdaşy hasaplanylýan döwletleriň biri hem Türkiýe Respublikasydyr. Türkmenistan döwletimiz bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary iki doganlyk halkyň umumy taryhy kökleriniň birligine daýanýar we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar. «Iki döwlet — bir millet» diýen şygary ýörelge edinýän iki doganlyk ýurduň arasynda häzirki wagtda döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli hyzmatdaşlyklar giň gerimde ösdürilýär. Häzirki döwürde iki doganlyk ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk güýçli depginlere eýe bolýar. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden döwlet hem doganlyk Türkiýe Respublikasydyr.

Türkiýe Respublikasy üç yklymyň, ýagny Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň çatrygynda ýerleşýän döwletdir. Ol üç yklymyň arasynda iň gysga we göni ýolly ýurt bolmak bilen tapawutlanýar. Şeýle hem Türkiýe gündogar bilen günbatar medeniýetleriniň arasyndaky ýeke-täk köpri bolup durýar. Ýurduň umumy tutýan meýdany 783562 inedördül kilometre barabardyr. Onuň meýdanynyň 3 göterimi Ýewropa tarapynda, galan 97 göterimi bolsa, Aziýa tarapynda ýerleşýär. Ýewropa tarapyndaky bölegi Türkiýe, Aziýa tarapyndaky bölegi bolsa Anadoly diýlip atlandyrylýar.

Miwe ATAJANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.