Köpugurly gatnaşyklarda täze mümkinçilikler

3 Dekabr 2021
1197

Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň jemini jemlän möhüm çäre — YHG-nyň 15-nji sammiti 28-nji noýabrda üstünlikli geçirildi. Gurama agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlaryny, YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekillerini bir meýdançada duşuran Aşgabat sammiti bu iri sebitara düzümiň çägindäki köpugurly gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde, dünýäde dowam edýän häzirki ýagdaýlary nazara alyp, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde nobatdaky mümkinçilik boldy. Foruma gatnaşan döwlet ýolbaşçylarynyň çykyşlaryndan, kabul edilen resminamalardan görnüşi ýaly, agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda ähli ulgamlar bilen bir hatarda sanlylaşdyrma işine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi barha globallaşýan dünýäde tehnologiýalaryň çäksiz mümkinçiliklerine daýanýan sanly ykdysadyýetiň ählumumy ösüşdäki paýynyň yzygiderli ýokarlanýandygy bilen şertlendirilendir.

Üns berip görsek, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabat sammitinde edilen çykyşlarda-da, onuň öňüsyrasynda guralan YHG-a agza döwletleriň 4-nji işewürlik maslahatynda-da özara gatnaşyklarda, hususan-da, söwda ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlykda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bilen bagly meselä uly üns berildi. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan ykdysady hereket hasaplanýan sanly ykdysadyýetiň sanly işewürlik hem-de elektron söwda, olar tarapyndan öndürilýän we hödürlenilýän harytlardyr hyzmatlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy göz öňünde tutulanda, munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şeýle-de ol giň geografik çäkleri gurşap alyp, tutuş dünýäde durmuş-ykdysady ösüşi bökdeýän koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek bilen baglylykda, döwrüň ýüze çykaran zerurlygydyr.

Amangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.